Sepleriň elýeterliligi

Türk premýeri Assada “gününiň azalandygyny” aýtdy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan prezident Başar al-Assada Siriýanyň lideri hökmünde sanalgy gününiň galandygyny duýdurdy.

Stambulda çykyş eden Erdogan Assadyň “diňe belli bir wagta çenli tanklara we top oklaryna” daýanyp biljekdigini aýtdy. “Seniň hem aýrylmaly günüň geler” diýip, ol sözüne goşdy.

Ankara Siriýada Assadyň hökümetine garşy proteste çykanlaryň gazaply basylyp ýatyrylmagyny gitdigiçe ýiti tankytlaýan mahaly Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklar barha dartgynlaşýar.

Duşenbe güni ir bilen Türkiýäniň mediasynyň habar bermegine görä, Siriýanyň demirgazygynda Haj zyýaratyndan gaýdyp gelýänleriň awtobus kerwenine edilen hüjümde iki türk raýaty ýaralanypdyr.

Mediada çykan habarlarda ýolagçylara salgylanylyp aýdylmagyna görä, hüjüm serhet geçelgesindäki barlag-gözegçilik nokadynda Siriýanyň esgerleri tarapyndan amala aşyrylypdyr.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada mart aýynda başlanan protestleriň wagşylyk bilen basylyp ýatyrylmagynda häzir çenli 3,500 töweregi adam öldürilipdir.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, duşenbe güni irden howpsuzlyk güýçleriniň Homs şäherinde geçiren reýdinde azyndan dört adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG