Sepleriň elýeterliligi

Internetiň haýallygy tehniki meselemi ýa syýasy?


Halky internet hyzmaty bilen doly üpjün etmek, onuň tizligi barasynda ýylyň dowamynda ençeme gezek ýokary derejede, hökümet maslahatlarynda aýdyldy.

Halky internet hyzmaty bilen doly üpjün etmek, onuň tizligi barasynda ýylyň dowamynda ençeme gezek ýokary derejede, hökümet maslahatlarynda aýdyldy.

Türkmenistanyň prezideni Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji noýabrda geçiren hökümet maslahatynda “Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny döretmek baradaky” karara gol çekdi. Hemrany 2014-nji ýylda kosmosa çykarmak planlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň prezidenti milli hemranyň orbita çykarylmagy ýurtda aragatnaşyk sistemasynyň, internetiň we telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrjakdygyny, ýurduň halk hojalygynyň öňünde duran beýleki möhüm meseleleri çözmäge ýardam etjekdigini, Türkmenistanda her bir raýat üçin internetiň we häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýasynyň elýeterli bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini, telekommunikasiýanyň yzygiderli ösüşine uly ähmiýet berilýändigini nygtady diýlip, habar berilýär.

Häzir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň haýal internet Türkmenistanda diýip, dünýäde internetiň tizligi boýunça barlag geçiren Amerikanyň “Pando Networks Faýl” alyş-çalyş gullugynyň eýesi aýdýar. Ortaça tizlik dünýä boýunça sekundda 580 kilobit bolsa, bu görkeziji Türkmenistanda ortaça 72, Özbegistanda 73, Eýranda 74 kilobite deňdir.

MTS-den soň...

Geçen ýylyň dekabrynda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi ýatyrylandan soň, mobil hem internet hyzmatlary ýerli “Altyn asyr” kompaniýasyna geçdi. MTS-iň 2 million gowrak müşderisi monopoliste öwrülen “Altyn asyr” kompaniýasyna ýüz tutmaga mejbur boldy, täze emele gelen ýagdaý aragatnaşygyň hiline-de ýaramaz täsir etdi. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bu hakda şeýle diýýär:

—Kompaniýanyň hyzmaty ýerlerde has-da ýaramaz. Bir ýere jaň etjek bolsaň, birinji, ikinji, üçünji synanyşykda düşüp bolanok. 10-15 gezekde-de düşüp bilmeýän halatlaryň bolýar. Il içinde: “Altyn asyryň” hyzmatyndan peýdalanjak bolsaň, jübiňde wolidol dermanyň bolmaly” diýen ýarym degişme, ýarym çyn gürrüňler bar.

Orsýetiň MTS kompaniýasy bilen şertnama doňdurylansoň, başga bir Orsýet kompaniýasy bolan “Bilaýnyň” Türkmenistana geljekdigi barada, şu ýylyň maý aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Etisalat” kompaniýasynyň Türkmenistana gelendigi hem türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikler geçirendigi barada habarlar peýda boldy. Ýöne şol maglumatlaryň soňy gelmedi.

18-nji noýabrdaky hökümet maslahatynda Berdimuhamedow aragatnaşygyň hiliniň ýokary bolmalydygyny nygtady. Halky internet hyzmaty bilen doly üpjün etmek, onuň tizligi barasynda ýylyň dowamynda ençeme gezek ýokary derejede, hökümet maslahatlarynda aýdyldy. Aragatnaşyk ministrine käýinç berildi. Gürrüňi edilýän mesele duran ýerinden gozganýarmy? Habarçy Osman Hallyýew bu barada şeýle diýýär:

—Häzir Lebap welaýatynyň ähli etraplaryna Hytaýyň firmasy tarapyndan öndürilen sanly ATS-ler oturdyldy. Häzir gurnama-synag işleri dowam edýär. Şu ýylyn ahyryna, täze ýylyň başyna welaýatyň ähli ýerinde internet işläp başlajak diýip, aragatnaşykçylaryň özleri aýdýarlar.

“Syýasy erk”

Emma, Daşoguzdaky çeşmäniň aýtmagyna görä, internet hyzmatyny müşderilere hödürlemek üçin ähli tehniki şertler welaýatda döredilip, onuň diňe düwmesine basaýmak galypdyr. Ýöne näbelli sebäplere görä, täze aragatnaşyk sistemsy işe girizilmeýär.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin internet we beýleki aragatnaşyk serişdeleri üçin ýurtda köp pul çykarylyp, onuň halkyň hyzmatyna taýýar bolup durandygy barasynda özünde-de maglumatyň bardygyny, ýöne täze sistemany işe girizmek üçin düwmäni basmaga syýasy erk gerekdigini, şol erk-islegiň türkmen häkimiýetlerinde ýoklugyny öňe sürýär:

—Internetiň we aragatnaşygyň doly bahaly işlemegi üçin Türkmenistanda tehniki şertler bar, hemme zat taýýar. Ýöne meniň bilşime görä, ýurduň ýolbaşçylarynda onuň işlemegi üçin syýasy erk-isleg ýok. Alnyp-berilýän informasiýalaryň möçberiniň giňelmegi ýapyk režimli ýurduň häkimiýetlerini alada goýýar. Prezident daşary ýurtlardan abraýly delegasiýalar geljek wagty ýa özi resmi sapara gitjek wagty ýa-da ýurtda garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykanda, adam hukuklary, internet ýa köppartiýalylyk ýaly režim üçin ynjyk meseleleri gozgaýar, olaryň boljagyny söz berýär, iş ýüzünde ol boş sözlügine-de galýar. Adamlaryň erkin informasiýa almak hem informasiýa bermek azatlygy häzirki häkimiýetleriň alyp barýan syýasaty bilen bir ýere sygyşmaýar.

Şu ýylyň mart aýynda düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistan bilen Özbegistany internetiň duşmanlary diýip atlandyrypdy. Guramanyň ýyllyk hasabatynda dünýäde güýçli senzuranyň höküm sürýän döwletleriniň hataryna Türkmenistan bilen bir hatarda Hytaý, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Saud Arabystany, Siriýa, Kuba, Özbegistan we Mýanmar ýaly demokratik gymmatlyklary äsgermeýän ýurtlar goşulypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG