Sepleriň elýeterliligi

Ynsanyň on iki süňňi nämäni aňladýar?


Ýazgulyýew: "Türkmeniň geçmiş däp-dessury boýunça-da on iki süňňi abat, has dogrusy, el-aýagyna uly şikes ýetmedik söweşiji ýigitler maşgalasynyňam, taýpasynyňam gorag sütüni bolupdyrlar".

Ýazgulyýew: "Türkmeniň geçmiş däp-dessury boýunça-da on iki süňňi abat, has dogrusy, el-aýagyna uly şikes ýetmedik söweşiji ýigitler maşgalasynyňam, taýpasynyňam gorag sütüni bolupdyrlar".

Türkmen dilinde gysgadan manyly aýtgylaryň, ýagny aňlatmalaryň ýüzlerçesi bar. Ýöne söwet döwründe ol aýtgylaryň käbiriniň manylary ýoýuldy, käbiri bolsa, ýoýlup aýdylansoň, asyl manysyndan düýpgöter başga mana eýe boldy. Elbetde, manysy ýa-da aýdylyşy ýoýlan aýtgylaryň her biri hakynda aýratyn durup geçmek gerek.

Mysal üçin, “adamzadyň on iki süňňi” diýlen düşünje manysy ýoýlan aýtgylaryň biridir.

Ilat arasynda “ynsanyň on iki süňňi” diýen aýtgy adamzadyň ähli beden agzalaryny öz içine alýar diýen düşünje bar. Ýurdumyzyň dürli künjeginden meniň söhbetdeş bolan köneden habarly ýaşulularymyň, ozan adamlarymyzyň tassyklamagyna görä, “adamzadyň on iki süňňi” diýmek her bir adamyň diňe el-aýagyny aňladýar eken. Taryhda türkmenler birnäçe asyrlap dagynyk ýagdaýda ýaşapdyrlar. Mongol basybalyşlarynyň weýrançylygyndan soň, esasan her bir türkmen tire-taýpasy özbaşdaklykda öz-özüni, topragyny, mal-mülküni goramaly bolupdyr.

Her bir taýpa-tire öz-özüňi gorap ýaşamagyň hatyrasyna berk içki düzgün-tertibe eýeripdir. Ýaşaýan taýpasynyň, şol sanda maşgalasynyň ar-namysyny gorap ýaşamak üçin bolmanda her hojalygyň hökman bir esgeri, eline ýarag alyp söweşip bilýän, erkek göbeklisi bolmaly eken. Aýratyn ýagdaýlarda, eli ýarag tutýan erkek göbeklisi ýok hojalyklar, şol döwrüň düzgüni boýunça, ýa-ha agyr goşmaça salgyt töläpdirler, ýogsa-da bir esgeri hakyna tutmaly bolupdyrlar.

Watan, taýpa, maşgala namysy üçin her bir hojalykdan orta çykan ýigitler söweşde ýogalsalar, şehit hasaplanypdyrlar, uly edermenlik görkezip, ýaralanan ýa-da maýyp bolan urşujylaryň sylagy-hormaty-da uly bolýar eken. Ol zamanlar türkmenlerde esgeriň eline-aýagyna agyr şikes ýetmegi ölüme barabar betbagtçylyk hasaplanypdyr. Onsoň, uruşda aýratyn gahrymançylyk görkezen agzasy bolmasa, hiç bir hojalyk taýpanyň goragy üçin zerur esger salgydyndan boşadylmaýar eken.

Şol sebäplem söweşden dolanyp gelen esgerler garşylananda, her hojalyk özüniňkileriň başbitinligini, hal-ahwalyny soraşanda, ilki bilen “on iki süňňi abatmy?” diýip sorar eken. Her bir maşgala, diňe öz esgerleri söweşden başbitin dolanyp gelse, ýagny on iki süňňi abat gelse, diňe şonda agyr güne düşmejegine kepil geçip bilipdir. Gündelik durmuşda adamzadyň el-aýagy örän uly ähmiýete eýe bolany üçin, “ynsanyň on iki süňňi” diýen düşünje dörän bolsa gerek.

Her bir ynsanyň eliniň goşaryna çenli bir süňňi, goşaryndan goluna çenli ikinji süňňi, golundan çignine çenli hem üçünji süňňi hasaplanyp, adamynyň iki eli alty süňňi emele getirýär.

Adamynyň aýagynyň topugyna çenli bir süňňi, topugyndan dyzyna çenli ikinji süňňi, dyzyndan-çatalba çenli-de üçünji süňňi hasaplanyp, iki aýak hem alty süňňi hasyl edýär. Şeýlelikde el-aýak on iki süň bolýar. Türkmeniň geçmiş däp-dessury boýunça-da on iki süňňi abat, has dogrusy, el-aýagyna uly şikes ýetmedik söweşiji ýigitler maşgalasynyňam, taýpasynyňam gorag sütüni bolupdyrlar.

Emma söwet döwründe “on iki süň” diýlen aňlatma nädogry many berlensoň, bu aňlatma ynsanyň ähli beden agzalary hökmünde ýalňyş düşünilip başlandy. Aslynda adamzadyň tutuş beden agzalarynyň on dokuz süňden durýandygyny tassyklaýarlar. Elbetde, bu aýratyn söhbete mynasyp tema. Ýöne bir zat belli: halkymyzyň geçmiş däp-dessurlary bilen baglanyşykly dörän her bir aýtgynyň manysyny dogry düşündirmek dilçilerimiziň jana-jan borjudyr, çünki her bir aýtgy halkymyzyň akyl-paýhasynyň miwesidir.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG