Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejadyň metbugat maslahatçysy azatlykdan mahrum


Eýranyň resmi “IRNA” habarlar gullugynyň başlygy, şeýle-de prezidentiň metbugat maslahatçysy Ali Akbar Jawanfekr Tähranyň sudy tarapyndan “Yslam gymmatlykaryna çapraz gelýän maglumatlary çap etmekde” aýyplanyp, bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Berilýän maglumata görä, Ali Akbar Jawanfekre üç ýylyň dowamynda žurnalistik iş bilen meşgullanmak hem gadagan edilipdir.

Ali Akbar Jawanfekr resmi metbugatda, zenanlaryň geýýän hador eginbaşynyň, ýagny başdan-aýak gara örtginiň Eýranyň taryhynda bolmandygyny, eýsem munuň daşardan getirilendigini ýazypdy.
XS
SM
MD
LG