Sepleriň elýeterliligi

Iordan patyşasy Abdullah II Mahmud Abbas bilen duşuşýar


Iordaniýanyň patyşasy Abdullah II Palestina awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas bilen gepleşik geçirmek üçin, Iordan derýasynyň günbatar kenaryna sapar edýär.

Bu saparyň öňünden Iordaniýanyň daşary işler ministri Naser Djude çykyş edip, Palestina bilen Ysraýylyň arasynda gepleşikleriň täzeden başlanmagyna çagyryş etdi.

Ministr Palestinanyň “Fatah” we “Hamas” toparlarynyň milli birlik hökümetini döretmek tagallalaryny hem goldady.

1999-njy ýylda Iordaniýa “Hamas” toparynyň şol wagtky liderlerini ýurtdan çykarypdy.
XS
SM
MD
LG