Sepleriň elýeterliligi

Özbek-täjik demirýol liniýasynda ýüz beren partlama derňeler


Duşenbe güni Täjigistanyň Demirýol transport ministrliginiň resmileri Özbegistan bilen bilelikde iki ýurduň demirýol liniýasynda ýüz beren partlama boýunça derňew işlerini ýola goýmakçydyklaryny mälim etdiler.

Özbegistanyň «Prawda wostoka» atly gazetiniň ýazmagyna görä, bu partlama 16-njy noýabrdan 17-nji noýabra geçilen gije Özbegistanyň Täjigistan bilen serhetlerine golaý ýerde, demirýoluň ugrunda ýüz beripdir. Ozbegistanyň gazeti bu wakany terror hüjümi diýip häsiýetlendirýär.

Partlamanyň netijesinde Özbegistanyň Termez şäheri bilen Täjigistanyň Kurgondepe şäheriniň arasyndaky demirýol gatnawynda bökdençligiň ýüze çykandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG