Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz eneleri protest demonstrasiýasyny geçirdiler


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde öz çagalaryna HIV wirusy ýokaşan eneleriň bir topary parlament binasynyň öňünde protest demonstrasiýasyny geçirdiler.

Ýurduň Oş regionyndan gelen 10-dan gowrak aýal maşgala öz çagalaryna ýerli keselhanada gan goýberlende, bu wirusyň olara ýokaşandygyny aýdýarlar.

Geçen hepde bu aýallar Oş şäheriniň keselhanasynyň önünde-de şuňa meňzeş protest aksiýasyny geçiripdiler.

Parlamentiň spikeri Akmatbek Keldibekow 17-nji noýabrda bu eneler bilen duşuşanda, bu ejir çeken maşgalalara parlamentiň ýörite fondundan 1 million sum, ýagny, 21 müň 500 dollar töweregi serişde goýbermeklige söz berdi.

Ýerli aktiwistler ýakynda Gyrgyzystanyň günorta regionynda medisina işgärleriniň geleňsizligi netijesinde 200 töweregi çaganyň HIV wirusy bilen keselländigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG