Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana garşy täze sanksiýalary yglan etdi


Duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly bu ýurda garşy nobatdaky gezek käbir ykdysady sanksiýalary yglan etdi. Bu sanksiýalar, esasan, Eýranyň energiýa we himiýa senagatyna garşy gönükdirilen.

Munuň öňýany ABŞ-nyň ýakyn soýuzdaşlary bolan Britaniýa bilen Kanada hem Eýrana garşy täze sanksiýalary girizdiler.

Britaniýanyň sanksiýalary Eýranyň banklary, şol sanda, merkezi banky bilen-de maliýe geleşiklerini bes etmek çärelerini öz içine alýar.

Bu sanksiýalar BMG-niň atom agentliginiň Eýranyň ýadro programmasy barada ýakynda ýaýradan täze hasabatynyň yzýanyndaky günlere gabat geldi.
XS
SM
MD
LG