Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň wagtlaýyn hökümetiniň arzasy kabul edilmedi


Müsüriň paýtagty Kairde birnäçe gün bäri dowam edýän täze protest çykyşlarynyň barşynda duşenbe güni Müsüriň wagtlaýyn hökümeti işden gidýändigini yglan etdi, emma hökümetiň bu baradaky arzasyny dolandyryjy Harby Geňeş kabul etmedi.

Soňky birnäçe gün bäri Kairde harbylaryň dolandyryşyna garşy protest bildirilip geçirilýän demonstrasiýalarda harbylaryň güýç ulanmaklary netijesinde azyndan 24 adam ölüp, 1 müň 700-den gowrak adam ýaralandy.

Halkara jemgyýetçiligi Müsüriň Harby Geňeşiniň bu çärelerini ýiti ýazgaryp, reaksiýa bildirdi. Ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy bu soňky çäreleri ýurduň ozalky diktator lideri Hosni Mubaregiň režiminiň raýatlara garşy ulanan gazaply çäreleri bilen deňeşdirdi.
XS
SM
MD
LG