Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde 20 sany harby işgär jenaýat jogapkärçiligine çekildi


Duşenbe güni Bahreýiniň häkimiýetleri şu ýylyň başynda protestçilere garşy bikanun çäreleri ulanmakda aýyplanyp, howpsuzlyk güýçleriniň 20 sany harbysynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini mälim etdiler.

Bahreýniň hökümetiniň bu baradaky beýanatynda geçirilen derňewlerde howpsuzlyk güýçleriniň käbir agzalarynyň tussaglykdaky aktiwistlere garşy çakdanaşa zorluk we bikanun çäreleri ulanandyklarynyň anyklanandygy aýdylýar.

Bahreýniň häkimiýetleri şu ýylyň fewral-mart aýlarynda gurnalan şol demonstrasiýalarda jemi 24 adamyň ölendigini, şolardan 4-siniň polisiýa işgäridigini aýdýarlar. Ýurduň oppozisiýasy ölenleriň sanynyň 30-dygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG