Sepleriň elýeterliligi

Tunisde baş wezipeleriň eýeleri belli edildi


25-nji oktýabrda Tunisde geçirilen saýlawlaryň netijelerine görä, ýeňiş gazanan taraplar ýurduň geçiş hökümetindäki ýokary derejeli orunlary kimleriň eýelejekdigini mälim etdiler.

Tunisiň dörediji assambleýasyna saýlawlar ýurduň ozalky lideri Zine al-Abidine Ben Ali häkimiýetden çetleşdirilenden dokuz aý çemesi soň geçirildi. Ben Aliniň çetleşdirilmegi “Arap bahary” diýlip atlandyrlan reforma hereketleriniň ilkinjisi bolupdy.

Saýlawlarda aram yslamçy we ozal gadagan edilen “Ennahda” partiýasy sesleriň aglabasyny almagy başardy, emma bu 217 agzalyk geňeşde köpçüligi gazanmaga ýeterlik däl.

Gelnen ylalaşyga görä, Tunisiň premýer-ministri – “Ennahda” partiýasyndan Hamadi Jebali, prezidentlik ornuny dünýewi “Respublikanyň kongresi” atly partiýanyň wekili Monsef Marzowuki eýelär.

Dünýewi “Ettakatol” partiýasynyň wekili Mustafa Ben Jaafar bolsa täze assambleýanyň başlygy bolar. Assambleýanyň ilkinji geňeşi sişenbe gününe planlaşdyryldy.
XS
SM
MD
LG