Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda tussag edilen orsýetli pilotlar azat edildi


Täjigistanyň appelýasiýa sudy kontrabandada aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilen iki rus pilotyny azatlyga çykardy.

Şu aýyň başynda pilotlaryň her birine sekiz ýarym ýyl türme tussaglygy berlipdi. Bu iş Orsýetde uly galmagalyň döremegine sebäp boldy.

Sadowniçy we Rudenko ýurduň howa giňişligini bozanlykda, şeýle-de uçarlaryň şaý-seplerini kontrabanda ýoly bilen daşamakda aýyplanypdy. Olar mart aýynda Owganystandan uçuş edip, Duşenbe şäheriniň günorta eteklerine gonanda ele salyndy.

Orsýet ýurtdan ýüzlerçe täjik migrantyny deportasiýa etdi. Köpler muny Mokwanyň ar alşy hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG