Sepleriň elýeterliligi

Eýran Günbataryň sanksiýalarynyň täsiriniň bolmajakdygyny aýdýar


Eýran Günbataryň özüne garşy girizen sanksiýalarynyň hiç hili täsiriniň bolmajakdygyny aýdýar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ramin Mehmanparastyň aýtmagyna görä, täze sanksiýalar “propogandandan we psihologiki uruşdan” özge hiç zat däl.

Duşenbe güni Birleşen Ştatlar, Britaniýa we Kanada Eýranyň energiýa we bank ulgamalaryna täze sanksiýalaryň girizilýändigini yglan etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara atom energiýasy gullugynyň ýakynda ýaýradan hasabatynda bellenmegine görä, Tähranyň ýadro ýarag tehnologiýalaryny özleşdirmek ugrunda iş alyp barandygyna delil geçýän maglumatlar bar.

Eýran özüniň ýadro programasynyň diňe parahatçylyk maksatlaryna eýerýändigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG