Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Britaniýa we Kanada Eýrana garşy täze sanksiýalary girizýär


Britaniýanyň maliýe ministri Jorj Osborn (sagda) we hazyna sekretary Denni Aleksandr

Britaniýanyň maliýe ministri Jorj Osborn (sagda) we hazyna sekretary Denni Aleksandr

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa we Kanada ýadro programmasy sebäpli Eýranyň garşysyna täze sanksiýalary girizdiler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň aýtmagyna görä, girizilen bu çäreler Eýrana, onuň girdeji çeşmelerine we alyp barýan bikanun işlerine görkezilýän gysyşyň ep-esli derejede artdyrylmagy hasaplanýar.

Prezident Barak Obama Eýranyň nebit we tebigy gaz senagatyna garşy gönükdirilen sanksiýalary giňeltmek barada permana gol çekdi. Tährana gelýän girdejiniň 70 prosenti nebit-gazdan gelýär.

Waşington şeýle hem baýlyklary doňdurylmaly edilen adamlaryň we kompaniýalaryň sanawyna ýene 11 ady goşdy.

Klintonyň aýtmagyna görä, Eýranyň nebit-himiýa senagatynyň nyşana alynmagyna sebäp bolan zat Tähranyň nebit arassalamakda bu sektordan peýdalanmagy artdyranlygy. Klinton bu barada şeýle diýdi:

—Prezident Barak Obama bir permana gol çekdi. Munda ilkinji gezek Eýranyň nebit-himiýa senagaty ýörite nyşana alynýar. Eksportdan gelýän girdejiniň, sanksiýa girizilen işler üçin gerekli importa gidýän çykdajylaryň möhüm çeşmesi şu.

“Pul ýuwýan sektor”

Birleşen Ştatlaryň maliýe ministri Timoti Geitner hem Waşingtonyň Eýranyň maliýe sektroyna ilkinji nobatda pul ýuwýan sektor diýip, alada bilen garaýandygyny bildirdi.

Geitneriň aýtmagyna görä, Eýran bilen söwda işlerini alyp barýan kompaniýalaryň, banklaryň özleriniň bu işleriniň töwekgelçiliklidigi barada berk oýlanmagy gerek:

—Siz, dünýäniň niresinde hem bolsa, maliýe guramasy bolsaňyz, Eýranyň Merkezi banky, onuň ýurduň içinde ýa daşynda işleýän başga bir banky bilen transaksiýa işlerini alyp barýan bolsaňyz, onda onuň bikanun işlerine – ýadro ýaraglaryny edinmek ugrundaky synanyşyklaryna, terrorizmi goldamagyna, sanksiýalardan sypmak üçin degişli maliýe guramalaryny aldawa salmagyna goşant goşýan bolmagyňyz mümkin.

Birleşen Ştatlar Eýranyň bank ulgamy bilen gatnaşygy tutuşlaýyn kesenok. Bu işiň nebitiň bahasynyň ýokarlanmagyna getirip, ýaňy ýola düşüp gelýän ykdysadyýete zyýan ýetirerinden gorkulýar. Ýöne, Geitneriň aýtmagyna görä, Eýranyň Merkezi bankynyň welin, nyşana alynmagy mümkin.

Täze sanksiýalara sebäp bolan zat Halkara atom energiýasy gullugynyň 8-nji noýabrda çykaran täze hasabaty. Bu hasabatda Eýranyň ýadro programmasy göni ýarag önümi bilen baglanyşdyrylýar.

Eýran bu hasabaty esassyz diýip ret edip, öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini gaýtalady.

Orsýet sişenbe güni täze sanksiýalary "kabul ederliksiz we bikanun" diýip tankytlady. Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda sanksiýalaryň "Eýran bilen dialoga girişmek şansyna päsgel bermegi mümkin" diýilýär.

Britaniýa, Fransiýa we Kanada

Londonda bolsa britan hökümeti duşenbe güni özüniň maliýe sektorynyň Eýran banklary bilen gatnaşygyny kesýändigini bildirdi. Ýurduň maliýe ministri Jorj Osbornyň aýtmagyna görä, Eýranyň banklary bilen gatnaşygyň kesilmegi Tähranyň atom ýaraglaryny edinmek baradaky tagallalarynyň öňüni bökdär:

—Biz Beýik Britaniýanyň maliýe sistemasynyň Eýranyň bank ulgamy bilen bolan gatnşyklarynyň ählisini kesýäris. Muny etmegimiziň sebäbi Eýran banklarynyň onuň harby maksatly ýadro ýaraglary programmasynda eliniň bardygy hakdaky halkara subutnama. Biz bu işi howpsuzlygy diňe tutuş dünýäde däl, eýse Beýik Britaniýanyň milli howpsuzlygyny hem gowulandyrmak üçin edýäris.

Kanada hem Eýran bilen, şol sanda onuň Merkezi banky bilen bolýan transaksiýalary duruzjakdygyny bildirdi. Hökümet şeýle hem nebit-himiýa we nebit-gaz senagatynda ulanylýan ähli harytlaryň Eýrana eksportyny haýal etmän gadagan etjekdigini aýtdy.

Fransiýa hem Eýranyň garşysyna "ozal bolmadyk möçberde" sanksiýalara çagyryp, Eýrandan nebit satyn almagy kesmegi, onuň Merkezi bankynyň baýlyklaryny doňdurmagy teklip etdi.

Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň Eýranyň garşysyna göz öňünde tutulan täze çäreleriniň 1-nji dekabrda ministrleriň duşuşygynda belli edilmegi ähtimal.
XS
SM
MD
LG