Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen türmelerinde ýagdaý nähili?


Golaýda Aşgabatda tussagda oturanlara bilim bermek, olaryň reabilitasiýasy we tussagdan gaýdyp gelenlerinde, jemgyýete doly bahaly raýat hökmünde goşulmak meseleleri boýunça seminar geçirildi diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi habar berdi.

Seminara Içeri işler ministrliginiň 25-den gowrak işgäri, şol sanda türmeleriň işgärleri, Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň mugallymlary, Mejlisiň wekilleri, Döwlet we hukuk institutynyň, Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň işgärleri gatnaşdylar.

Seminarda türmedäkilere bilim bermek, olaryň reabilitasiýasy, tussagdan çykansoňlar, jemgyýete we zähmete doly bahaly goşulmagy bilen bagly problemalara garaldy. Halkara standartlary maslahat edildi, diýlip, ÝHHG-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Seminarda gozgalan meseleler, umuman, türkmen türmelerindäki ýagdaý häzir nähili? Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen bu barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türmede oturanlara bilim, hünär bermek, kär öwretmek, olary azatlyga çykansoň, jemgyýete tiz goşulyp gider ýaly edip taýýarlamak baradaky meseläniň Aşgabatda halkara guramanyň gatnaşmagynda gozgalmagyna nähili garaýarsyňyz? Ol neneňsi pozitiw netijeler berip biler?

Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin: Eger häzir Türkmenistanyň türmelerine real baha berilse, ýakyn watlarda hatda ol aýdylýanlara ýakyn zatlaram edip bolmazmyka diýýärin. Sebäbi bu iş üçin uly taýýarlyk işleri görülmeli: ozaly bilen türmedäkileri okatmak, olara hünär öwretmek üçin kadrlar, mugallymlar gerek, bu ugra ýörite serişde goýbermek zerur. Türmelerde ýörite klas otaglary, ussahanalar döredilmeli.

Bu işlerden ozal şu meseläni gowy bilýän spesialistleri çagyryp, indiki işiň möçberine ekspert hökmünde baha berdirmeli. Beýle spesialistleriň Türkmenistanda ýokdugy üçin olary daşary ýurtlardan çagyrmaly bolar. Türkmen türmelerine daşary ýurtlulary goýbermäge türmen häkimiýetleri razy bolmasa gerek. Şonuň üçin ÝHHG-niň ýa beýleki halkara guramalaryň hem türkmen çinownikleriniň gatnaşmagynda geçirilýän beýle seminarlar seminarlygyna galmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Siz köp ýyllar bäri Türkmenistanda adam hukuklary meselesi bilen ýakyndan gyzyklanyp gelýärsiňiz, bu ugurdan köp maglumat ýaýradýarsyňyz, hasabatlar çap edýärsiňiz. Häzir türkmen türmelerinde näçeräk adam saklanýarka? Bu barada sizde maglumat barmy?

Farid Tuhbatullin: Men häzir hatda çak bilenem bir san aýdyp biljek däl, sebäbi ol gaty ýapyk maglumat. Şol ýapyklyk Türkmenistanyň, türkmen hökümetiniň peýdasyna däl. Eger olar türmelerde bir zatlary gowulandyrjak bolsalar, statistikany, bar ýagdaýy halkara jemgyýetçiliginden gizlemeli däl.

Azatlyk Radiosy: Türkmen türmelerinde sanitariýa-gigiýena ýagdaýy, şertleri bilen baglanyşykly ýagdaý nähili?

Farid Tuhbatullin: Ol ýerde bolmalysyndan adamyň köp saklanýandygy üçin iň ýönekeý şertler barasynda-da bir zat aýtmak kyn. Prinsipde şol şertler ýok. Bizde ýapyk bir informasiýa bar, ony garaşsyz çeşmeler arkaly barlatmak, anyklamak başartmady. Daşoguzyň aýallar türmesinde iki sany täze korpus gurulýar ýa eýýäm gurlupdyr. Türmedäki aýallaryň bolýan ýerleri giňelipdir. Ýene bir gezek gaýtalaýyn, muny barlamak häzirlikçe başartmady. Eger bu maglumat çyn bolsa, ol, elbetde, gowy zat. Gynansagam, döwlet gurluşlary munuň ýaly soraglara jogap bermeýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmen türmelerinde oturanlara, jeza çekýänlere edilýän medisina kömek bilen bagly ýagdaý barada sizde maglumat barmy?

Farid Tuhbatullin: Adaty adamlara berilýän medisina kömegi bilen deňeşdirseň, has erbet. Hatda adaty klinikalarda, saglyk öýlerinde ilkinji medisina kömegini bermek üçin iň zerur serişdeler ýetmezçilik edýär. Türmelerde ýagdaý başgaça. Erkinlikdäki adamlar zerur däri-dermany bazarlardan, dermanhanalardan satyn alyp bilýärler. Tussaglarda şeýle mümkinçilik ýok. Şonuň üçin ol ýerlerde inçekesel, sarygetirme ýaly ýokanç keseller giň ýaýran. Şol dertlerden adamlary gutaryp biljek toplumlaýyn bejeriş mümkinçilikleri türkmen spesialistlerinde häzir ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda türmede oturanlar üçin ýörite keselhanalar barmy?

Farid Tuhbatullin: Ikisi bar, olar keselhana däl-de, ýapyk saglyk bejeriş edarasy diýlip atlandyrylýar. Oňa has agyr adamlar ýerleşdirilýär. Türme ýolbaşçylary başardygyndan şol edaralara az adam ugratmaga çalyşýarlar. Onuňam sebäbi näçe köp adam ugradylsa, olaryň ýolbaşçylyk edýän türmesindäki hakyka ýagdaý äşgär boljak. Bu ýagdaýa-da başlyk jogap bermeli. Görkezijileri peseltmezlik üçin hakyky hassalaram o ýere ibermezlige çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Kanun boýunça kesgitlenen belli bir wagtda garyndaşlary bilen görüşmek, olaryň iberen ýa getiren azyk hem beýleki zerur zatlaryny almak ýaly tussaglaryň ýönekeý hukuklarynyň berjaý edilişi nähili?

Farid Tuhbatullin: 2002-nji ýylyň noýabr wakasy bilen bagly basylan adamlaryň ýagdaýy gaty gümürtik. Olar hatda ýakynlary bilen hatam alşyp bilmeýärler. Olaryň diriligem belli däl. Eger adaty tussaglary agzasak, olar bilen bagly bizde täze maglumat bar. Mysal üçin, Daşoguzdaky aýallar türmesinde yzyndan gelýänler bilen duşuşyklar, olaryň getiren zatlaryny almak Nyýazowyň döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli gysgaldylypdyr. Bu ýagdaýyň nämeler bilen baglydygy bize belli däl, ýöne ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşar diýip, umyt edýäris. Doly bahaly iýmit bilen türmäniň özi üpjün edip bilmeýändigi üçin beýle çäklendirmeler ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar. Şonuň üçinem häkimiýetler bu ugurdan iş alyp barmaly hem türmelerde ýagdaýy mümkin boldugyça gowulandyrmaly.
XS
SM
MD
LG