Sepleriň elýeterliligi

Kairde protest demonstrasiýalary dowam edýär


Müňlerçe müsürliler Kairiň Tahrir meýdançasynda demonstrasiýa geçirmegi dowam etdirýärler. Olar ýurduň başyndaky harbylaryň tiz wagtyň içinde häkimiýeti adaty graždan hökümetiniň dolandyryşyna tabşyrmagyny talap edýärler.

Üç günläp paýtagtda we ýurduň käbir beýleki ýerlerinde dowam eden gazaply çärelerden soň, Müsüriň graždan hökümeti häkimiýetden çekilmek barada arzasyny berdi. Emma bu arza Harby geňeş tarapyndan makullanmady.

Resmileriň maglumatyna görä, soňky günlerde ýüz berýän çaknyşyklarda azyndan 24 adam ölüpdir, 1,200 töweregi ýaralanypdyr.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasynyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda Müsüriň harbylary adam hukuklaryny berjaý etmegi “düýbünden başarmady” diýilýär.
XS
SM
MD
LG