Sepleriň elýeterliligi

Pekinde türkmen-hytaý biznes forumy gurnaldy


Sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapary başlandy.

Saparyň ilkinji güni Pekiniň «Fan-Feý» döwlet rezidensiýasynda türkmen-hytaý biznes forumy gurnaldy. Oňa iki ýurduň hökümet agzalary bilen birlikde, hökümetara komissiýasynyň agzalary we iri kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň dürli ugurlary barada maslahat etdiler.

Prezident Berdimuhamedowyň Hytaýa edýän bu gezekki sapary onuň bu ýurda edýän üçünji saparydyr. Üç gün dowam etjek bu saparyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar boýunça möhüm dokumentlere-de gol çekiler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG