Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran azeri žurnalistine hüjümde eliniň bardygyny ret edýär


Sişenbe güni Eýranyň Azerbaýjandaky ilçihanasy belli azeri ýazyjysy we žurnalisti Rafik Taginiň janyna kast etmek synanyşygynda Eýranyň eliniň bardygy baradaky çaklamalary ret edip, beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda “Biz bu wakada Eýranyň eliniň bardygy barada ýaýradylan maglumatlary Eýran bilen Azerbaýjanyň strategik gatnaşyklaryna zyýan ýetirmek maksady bilen döredilen sionist-amerikan prowokasiýasy diýip häsiýetlendirýäris” diýlip bellenipdir.

Şenbe güni iki sany näbelli adam ýazyjy Rafik Tagä hüjüm edip, ony pyçakladylar. Netijede ol agyr halda keselhana düşdi.

Käbir ýerli habar serişdeleri ýazyjy Rafik Taginiň janyna kast etmek synanyşygynyň Eýran tarapyndan gurnalan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdüler.

2006-njy ýylda Rafik Taginiň yslam dini hem-de Muhammet pygamber barada ýazan tankydy makalasy üçin Eýranyň täsirli ruhanysy, Baş Aýatolla Fazel Lankarani oňa garşy fatwa, ýagny ölüm jezasyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG