Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Waşingtondaky ilçisi wezipesinden çekildi


Sişenbe güni Pakistanyň Waşingtondaky ilçisi Husseýin Hakkany özüne bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly ilçilik wezipesinden çekildi.

Käbir habar serişdeleri Husseýin Hakkanyny Pakistanyň harby güýçlerine kontrollyk edilmegi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna kömek sorap, ýüz tutanlykda aýyplaýarlar.

Husseýin Hakkanyň özi-de, Pakistanyň Daşary işler ministrligi-de bu barada peýda bolan maglumatlary «toslanan maglumatlar» diýip atlandyrýar.

Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysynyň orunbasary Ben Roudes bu ýüze çykan wakany Pakistanyň öz «içerki meselesi» diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG