Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň paýtagtyndaky protestler dowam edýär


Müsüriň dolandyryjy Harby Geňeşiniň başlygynyň sişenbe güni beren käbir wadalaryna garamazdan, paýtagt Kairde on münlerçe demonstranlar öz protestlerini dowam etdirýärler.

Indi birnäçe gün bäri dowam edýän köpçülikleýin protest çykyşlarynyň fonunda sişenbe güni Müsüriň dolandyryjy Harby Geňeşiniň başlygy, marşal Husseýin Tantawi döwlet telewideniýesinde çykyş edip, prezidentlik saýlawlarynyň möhletini tizleşdirmeklige we ony 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda geçirmeklige söz berdi.

Emma onuň bu baradaky wadalaryna garamazdan, Kairiň merkezine ýygnanan protestçiler onuň özüniň häkimiýetden gitmegine çagyryş ediji şygarlary gygyryp, çykyş etdiler.

Müsüriň Saglyk ministrligi soňky birnäçe günüň dowamynda protestçilere garşy güýç ulanylmagy netijesinde azyndan 30 adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG