Sepleriň elýeterliligi

BMG-de Siriýa boýunça rezolýusiýa kabul edildi


Sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň ynsan hukuklary boýunça komiteti Siriýanyň hökümetiniň protestçilere garşy gazaply güýç ulanmagyny ýazgaryp, ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Bu baradaky rezolýusiýanyň tekstini sişenbe güni bu komitete agza ýurtlaryň 122-si goldady we 13-si oňa garşy ses berdi. Ýene 41 döwlet oňa ses bermekden saklandy.

Siriýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Başar Jaafari bu rezolýusiýany «Siriýa garşy uruş yglan etmek» diýip atlandyrdy.

Birleşen Milletler Guramasy şu ýylyň martyndan bäri Siriýada dowam edýän demonstrasiýalaryň barşynda 3 müň 500-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG