Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde syýasy durnuksyzlyk dowam edýär


Müsüriň döwlet başyndaky häzirki harby ýolbaşçysynyň eglişik etmegine garamazdan, ýurtda syýasy tertipsizlik we zorluklar dowam edýär. Huseýin Tantawiniň 2012-nji ýylda ýurtda prezidentlik saýlawlaryny geçirip, häkimiýeti graždan syýasatçylara tabşyrmak barada beren wadalary protestçileri köşeşdirmedi.

Müsürde protestler dowam edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:56 0:00

Howpsuzlyk güýçler bilen olara garşy çykyş edýän protestçileriň arasynda şu gün ýene ýüze çykan çaknyşyklar Kairiň Tahrir meýdançasynyň golýyndaky köçelerde emele geldi.

Ýurduň wagtlaýyn lideri, harby feldmarşal Huseýin Tantawiniň geljekki ýylda prezidentlik saýlawlaryny geçirmek barada halka beren wadalary syýasy tolgunmalary köşeşdirmedi.

Tantawi prezidentlik saýlawlaryny ozalky plandan has ir geçirmegi teklip edip, başda 2013-nji ýyla planlaşdyrylan saýlawlaryň 2012-nji ýylyň ortalarynda geçiriljegini aýtdy.

Ýaragly güýçler bilen protestçileriň arasynda dowam edýän çaknyşyklar netijesinde ýurduň deňiz porty bolan Aleksandriýa şäherinde şu gün azyndan bir adam öldürildi, 28 adam ýaralandy.

Huseýin Tantawi
Huseýin Tantawi
Müsuriň ozalky lideri Hosni Mubaregiň hökümetinde goranmak ministri wezipesini eýelän Tantawi, Hosni Mubarek döwlet başyndan çetleşdirilende, Ýaragly güýçleriň ýokary geňeşiniň başlygy hökmünde ýurduň baştutany wezipesini eýeledi we bu wezipani iş ýüzünde ýerine ýetirip gelýär. Ol şeýle-de goranmak ministri we Ýaragly güýçleriň baş serkerdesi wezipelerini hem öz elinde saklap gelýär.

Hepdäniň sişenbe güni telewideniýede eden çykyşynda Tantawi prezidentlik saýlawlarynyň indiki hepdede boljak parlament saýlawlaryndan soňky 7 aýyň dowamynda geçiriljegini wada berdi. Tantawi yaragly güýçleriň halky goramak wezipesine dolanyp gelmäge taýýardygyny hem habar berdi.

Emma Huseýn Tantawi howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy uly güýç ulanýandygyny ret etdi.

Tantawiniň beren wadalary hepdäniň sişenbe güni Tahrir meýdançasynda jemlenen 100 müňe golaý protestçileri köşeşdirmedi.

Köp protestçiler Tantawiniň sözlerine özleriniň ynanmaýandyklaryny we harby hökümetiň döwlet başyndan çekilmegini isleýändiklerini aýdýarlar.

Hosni Mubarek döwlet başyndan çetleşdirileli bäri Tantawiniň ýolbaşçylygyndaky harby geňeşe halk içinde bildirilýän nagilelikler gitdigiçe güýçlenýär. Tantawiniň hökümeti Mubaregiň rezimini dowam etdirmekde we pikir azatlygyna basyşlary dowam etdirmekde aýyplanýar.

Şu gün Tahrir meýdançasynda dowam edýän protestlere gatnaşanlaryň biri Muhammed el-Abd protestçileriň esasan ýokary bilimli we sowatly parahat adamlardygyny aýdýar we olaryň tertipsizliklere baş goşmaýandygyny belleýär. Muhammediň sözlerine görä, binalary howpsuzlyk güýçleriniň özleri oda berýärler we soň protestçileri günäleýärler.

Muhammet el-Abd protestçilere garşy ot saçýan serişdeleriň ulanylýanlygyny hem gürrüň berdi.

Kairde hereket edýän ynsan hukuklaryny goraýjylar geçen şenbeden bäri harbylaryň demonstrantlara garşy ulanan rehimsiz çäreleri netijesinde azyndan 35 adamyň heläk bolanlygyny habar berýärler. Hökümetiň resmi maglumatlarynda bolsa heläk bolanlaryň sany 28 adam diylip görkezilýär.
XS
SM
MD
LG