Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada “Parahatçylyk korpusy”


Amerikan “Parahatçylyk korpusy” 18-nji noýabrda Gazagystanda alyp barýan işlerini duruzýandygyny mälim etdi. Munuň sebäbi soňky wagtlarda Gazagystanda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen düşündirildi. Şu çaka çenli bu ýerde “Parahatçylyk korpusynyň” 117 işgäri işledi.

“Parahatçylyk korpusynyň” Gazagystandaky işlerini togtatmagy baradaky çap eden maglumatynda, özleriniň alyp barýan işleri bilen bagly ýüze çykan ýagdaýlara görä, bu gurama degişli hemme 117 meýletiniň yzyna çagyrylýandygy aýdylýar. Gazagystandaky işlerini bes etmegine nämäniň sebäp bolandygy barada “Parahatçylyk korpusy” anyk maglumat bermeýär.

Meýletin işgär Maýk Henkok, ýakynda Gazagystanyň Taraz şäherinde bolan partlamalar sebäpli, meýletinleriň howpsuzlygyny alada edip, şeýle karara gelnendigini çaklaýar. Korpusyň ýene bir wekili Jorj öz blogunda bu guramanyň Gazagystandaky işiniň togtadylmagyny masgaraçylyk diýip atlandyrýar. Ol indi Merkezi Aziýa regionynda “Parahatçylyk korpusynyň” diňe Gyrgyzystanda hem Türkmenistanada iş alyp barýandygyny nygtaýar.

Ýöne Türkmenistanda-da “Parahatçylyk korpusynyň” meýletinleriniň birnäçe gezek wiza problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolandygy habar berlipdi. Şu ýylyň sentýabrynda “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistana barmaly meýletinleriň wiza problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdypdy. 2009-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda hem “Parahatçylyk korpusynyň” 47 sany meýletinine Türkmenistana barmaga rugsat berilmändi.

1961-nji ýylda prezident Jon F. Kennediniň inisiatiwasy bilen döredilen “Parahatçylyk korpusy” şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanda-da öz 50 ýyllygyny belledi. Ýerli telewideniýede berlen reportažda “Parahatçylyk korpusynyň” Türkmenistandaky bölüminiň ýolbaşçysy Erl Wol özleriniň Türkmenistanda iki programma – iňlis dilini öwretmek we saglyk boýunça iş alyp barýandyklaryny gürrüň berdi.

Bilim we saglyk

“Parahatçylyk korpusynyň” Türkmenistandaky bölüminiň ýolbaşçysy özleriniň türkmen hökümeti hem türkmen halky bilen hyzmatdaşlyk edýänligine begenýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Bilim hem Saglygy saklaýyş ministrlikleri bilen has ysnyşykly işleşýändiklerini nygtapdy:

—Biziň meýletinlerimiz ABŞ-nyň dürli künjeklerinden gelip, Türkmenistanda iki ýyl işleýärler. Olar türkmen maşgalalarynyň arasynda ýaşaýarlar we türkmen hem rus dillerini öwrenýärler. Biziň guramamyzyň wekilleri Türkmenistanyň dürli ýerlerinde bilim hem saglyk boýunça öz tejribelerini paýlaşýarlar.

Olardan biri - Şeril Walensik ABŞ-nyň Arizona ştatyndan gelen şepagat uýasy Türkmenistanda saglyk boýunça sapak berýär. Ol Türkmenistanyň ilatynda anemiýa, ýagny azganlylyk bilen bagly problemalaryň bardygyny aýdyp, özüniň ýaş enelere öz iýýän azyk önümleriniň geljekde çagalarynyň saglygyna, olaryň ösüşine täsir edýändigini düşündirmäge synanyşýandygyny aýdýar.

—Biz azyk harytlaryny 4 topara bölüp, olaryň suratyny çekdik. Şol plakat bilen biz öýme-öý aýlanyp, azyk onümleriniň adam organizmine ýetirýän täsiri barada düşündiriş berýäris—diýip, Şeril “Parahatçylyk korpusynyň” internet sahypasynda ýerleşdirilen wideo ýazgysynda aýdýar.

Adam Hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtlar üçin, ”Parahatçylyk korpusynyň” alyp barýan işleriniň gaty möhümdigini aýdýar. Onuň pikiriçe, amerikan meýletinleri bir tarapdan türkmenleri amerikan medeniýeti bilen tanyşdyrýarlar, beýleki tarapdan bolsa, olar türkmenler bilen öz bilimlerini, tejribelerini paýlaşýarlar.

ABŞ-nyň ”Parahatçylyk korpusynyň” internet sahypasynda 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň meýletinlerinden 730-dan gowragynyň Türkmenistanda bilim, medisina we gumanitar ulgamlarda iş alyp barandyklary aýdylýar. Şeýle hem olaryň mugallymlara tälim bermek boýunça dürli seminarlary geçirýändikleri habar berilýär.

Häzir “Parahatçylyk korpusynyň” Türkmenistanda 25, Gyrgyzystanda bolsa 89 wekili işleýär.
XS
SM
MD
LG