Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesinden çekildi


Pakistanyň Waşingtondaky öňki ilçisi Husain Hakkani
Pakistanyň Waşingtondaky öňki ilçisi Husain Hakkani
Pakistanyň Waşingtondaky ilçisi öz wezipesinden çekildi. Pakistanyň güýçli harbylaryna kontrollyk üçin Birleşen Ştatlardan kömek sorap edilen haýyşda onuň eliniň bolandygy güman edilýär.

Ilçi Husain Hakkaniniň prezident Asif Ali Zardara hat ýazyp, özüniň wezipesinden çekilmegini teklip edendigini ýagdaýdan habarly bir pakistanly diplomat 17-nji noýabrda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňde tassyklapdy.

Goşun işgärleri we aňtaw gulluklary tarapyndan sorag edilensoň, onuň wezipeden çekilmek baradaky teklibi 22-nji noýabrda kabul edilipdir.

Hakkaniniň geçen hepdäniň soňunda Yslamabada çagyrylmagyna sebäp bolan zat pakistan-amerikan biznesmeni Mansoor Ijaz tarapyndan öten hepde ile ýetirilen bir memorandum. Ijaz bu memorandumy özüne ibereniň Hakkanidigini, şonuň görkezmesi boýunça hem ony özüniň Birleşen Ştatlaryň şol wagtky ýokary harby ýolbaşçysy Admiral Maýkl Mallene gowşurandygyny aýdýar.

Aýdylyşyna görä, Birleşen Ştatlar “Al-Kaýdanyň” öňki başlygy Osama bin Ladeni maý aýynyň başlarynda Pakistanda öldürenden az wagt soň iberilen bu diplomatik dokumentde Mallenden, harbylaryň ýurdy öz ellerine geçirmeginiň öňüni almak üçin, "göni ara goşulmagy" soralýar.

Onda şeýle hem goşun başlygy General Aşfak Perwez Kaýani Yslamabatdaky graždan hökümetini agdarmak üçin pitne gurýanlykda aýyplanýar. Memorandumda Waşingtonyň eden bu kömegi üçin Yslamabatda Birleşen Ştatlara dostlukly bir “täze howpsuzlyk toparyny” ornatmaga goldaw bermek wada edilýär.

Bu diplomatik dokumenti jemgyýetçilige ýetiren söwdagär Ijaz ony Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň hut özüniň tassyklandygyny aýdyp, Hakkaniniň özüni arkaýynlaşdyrandygyny aýdýar.

Şeýle bir memorandumyň bardygyny Pakistan hökümeti ilki inkär etdi. Muny Malleniň sözçüsi hem ozal inkär edipdi. Ýöne ol soňra Mallene bu memorandumyň gelendigini, ýöne admiralyň ynamdar däl diýip, oňa ähmiýet bermändigini aýtdy.

“Memogeýt”

55 ýaşly Hakkani bu işde özüniň eliniň asla bolmandygyny aýdyp, wezipeden çekilmegi teklip etdi. Ol muny hem bu jedelli gürrüňleri soňlap, özüniň agyr zähmet siňdiren demokratik hökümetiniň ilerlemegi üçin edýändigini aýtdy.

Premýer ministr Ýousuf Raza Gilaniniň býurosy tarapyndan çykarylan bir beýannamada "ýaraşykly derejede" derňew geçirilip, "adalatly we obýektiwlik bilen" alnyp baryljakdygy aýdylýar. Ýöne Hakkaniniň wezipeden çekilmegi Pakistanyň graždan hökümetine ýeten zyýany çäklendirip bilermi – ol belli däl.

Pakistanda mediada "memogeýt" diýip atlandyrylýan bu krizisiň graždan hökümeti bilen harbylaryň arasynda ozaldan bar bolan dartgynlylyk oduny ölçermegi mümkin. Ýurt öz soňky taryhynda ençeme gezek harby döwlet agdarylyşygynyň şaýady boldy.

Skandal Zardariniň bu memorandumdan habary barmy diýen soragy oýarmak bilen prezidentiň özüni-de şübhe astyna salýar. Goşunyň tarapyny çalýan media bu diplomatik dokumenti "dönükçilikli" diýip häsiýetlendirýär.

Waşingtonda Ak Tam bu hadysany pakistanyň "öz içki meselesi" diýip suratlandyrdy. Ýöne ol Hakkanini "gaty ýakyn ýaran" diýip öwdi.

Öňki žurnalist, Pakistanyň üç premýer-ministrine geňeşçi bolan Hakkanini Obamanyň administrasiýasy gaty sylaýardy. Ol öz ýurdunyň Amerika bilen gatnaşygynyň möhümdigini hemişe nygtap gelipdi.

22-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň Milli Howpsuzlyk geňeşçisiniň orunbasary Ben Rhodes şeýle diýdi: "Biz Hakkani bilen bitiren işlerimize ýokary baha berýäris. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de Pakistanyň indiki ilçisi bilen-de, kim hem bolsa, işläp biljekdigimize şübhe edemzok".

Yslamabadyň Birleşen Ştatlardaky täze wekili wezipesine Şerri Rehman bellendi. Ol mundan Pakistanyň Maglumat ministri wezipesini eýeläpdi.
XS
SM
MD
LG