Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: türkmen hasabatynda statistiki maglumatlar ýok


21-nji noýabrda BMG-niň Baş assambleýasynyň ykdysady, sosial hem medeni hukuklar boýunça Komitetinde Türkmenistan bilen bagly maslahat geçirildi. Bu barada BMG-niň radiosy habar berdi. Maglumata görä, türkmen tarapy Komitet üçin degişli hasabaty 10 ýyl gijikdirip beripdir.

Komitetiň agzalarynyň aýtmaklaryna görä, türkmen resmileriniň beren hasabatlarynda ýurtdaky ýagdaýa düşünmäge ýardam berip biljek statistiki maglumatlar görkezilmändir.

Bu maslahatyň dowamynda ekspertler Türkmenistanyň sud sistemasynyň garaşsyz däldigine, ýurduň prezidentiniň sud organlarynyň wezipesini öz üstüne alyp bilýändigine alada bildiripdirler.

Şeýle hem ýurtda giňden ýaýran korrupsiýa baradaky maglumatlaryň alada döredýändigi aýdylýar.

BMG-niň Baş assambleýasynyň 3-nji komitetiniň agzalary Türkmenistanda suw üpjünçiligi hem sanitariýa, WIÇ hem beýleki infeksiýalaryň ýaýramagy baradaky maglumatlaryň hasabatda ýokdugyna ünsi çekdiler.

Ykdysady, sosial hem medeni hukuklar baradaky halkara pakty BMG-niň Baş assambleýasy tarapyndan 1966-njy ýylyň 16-jy dekabrynda kabul edilipdi. Türkmenistan bu pakta 1997-nji ýylyň 1-nji maýynda goşuldy.
XS
SM
MD
LG