Sepleriň elýeterliligi

Pyçaklanan azeri ýazyjysy Rafik Tagi aradan çykdy


23-nji noýabrda Bakuda geçen hepde hüjüm edilen ýazyjy Rafik Tagi aradan çykdy. Näbelli hüjümçi publisist-ýazyjy Rafik Tagä onuň öýüniň ýanynda hüjüm edip, ony ýedi gezek pyçaklapdy.

Keselhanada edilen operasiýadan soň 61 ýaşly ýazyjynyň özüne gelendigi aýdylýar. Şonda Rafik Tagi özüne edilen hüjüme Eýranyň yslamy kemsidýändigi, halkara jemgyýetçiligine Eýrandan howpuň abanýandygy barada öz ýazan makalasynyň sebäp bolandygyny aýdypdy.

22-nji noýabrda Eýranyň Azerbaýjandaky ilçihanasy bu hüjüme özleriniň dahylynyň ýokdugy barada beýanat ýaýratdy.

2007-nji ýylda Bakuwyň şäher sudy ýazyjyny yslam barada ýazan makalasy üçin üç ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Yslam dinine garşy diýlip hasaplanan şol makaladan soň, Eýranyň ruhanysy Fazel Lankareni Rafik Tagä fatwa yglan edip, onuň öldürilmegine çagyryş edipdi.

2007-nji ýylda Azerbaýjanyň prezidentiniň karary bilen ýazyja amnistiýa yglan edilip, ol azatlyga çykarylypdy.
XS
SM
MD
LG