Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hytaý bilen 14 dokumente gol çekişdi


Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa saparynyň barşynda Pekinde bu ýurduň prezidenti Hu Jintao bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlary boýunça özara pikir alyşdylar.

Ondan soň gepleşikler iki ýurduň resmi delegasiýasynyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçirildi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen bolsa, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara degişli 14 sany dokumente gol çekildi. Bu gol çekilen dokumentleriň hatarynda Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazyny 25 milliard kubometr artdyrmak baradaky ylalaşyk hem bar.

Şeýlelikde, bu ylalaşyga görä, ýakyn gelejekde Türkmenistanyň Hytaýa satýan tebigy gazynyň umumy möçberi ýylda 65 milliard kubometre ýeter.
XS
SM
MD
LG