Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak aktiwisti Almatynyň suduny suda berdi


Çarşenbe güni gazagystanly graždan aktiwisti Žanna Baýtelowa özüni Almaty şäheriniň sudunyň bikanun tussag edendigini aýdyp, şäher suduny suda berdi.

Gazagystanyň oppozision Sosialist Hereketiniň aktiwisti Žanna Baýtelowa şu ýylyň tomsunda gazak nebitçileriniň adwokatynyň tussag edilmegine protest bildirip, piket geçirende, iki hepde möhlet bilen tussag edilipdi.

Ol özüne garşy çykarylan hökümiň maddasynyň ozal jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlara degişli maddadygyny aýdyp, suduň bu ýalňyşlygynyň üstünden suda arz edendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG