Sepleriň elýeterliligi

Medwedew ABŞ-nyň raketa galkanlary boýunça haýbat atdy


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Birleşen Ştatlaryň ozalky gelnen ylalaşyklara eýermedik halatynda, Orsýetiň öz strategik raketalaryny ABŞ-nyň Ýewropadaky obýektlerine gönükdirjekdigini nygtady.

Döwlet telewideniýesinde eden bu çykyşynda prezident Medwedew, hususan-da, bu strategik raketalaryň ýurduň Kaliningrad regionynda we käbir beýleki günorta regionlarynda ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

Özüniň harby radar sistemalaryny Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýerleşdirmek ugrunda aýak diräp gelýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz howa sistemasynyň Orsýeti nyşana almaýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG