Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri ýazyjysy hem žurnalisti Rafik Tagi aradan çykdy


Geçen şenbe güni pyçaklanyp, keselhana düşen azerbaýjanly belli ýazyjy we žurnalist Rafik Tagi çarşenbe güni keselhanada aradan çykdy. Şenbe güni iki sany näbelli adamyň eden hüjüminde ol ýedi ýerinden pyçaklanypdy.

Ýazyjy Rafik Tagi özüniň hökümete garşy we yslam dini bilen baglanyşykly ýazan ýiti tankydy makalalary bilen tanalýar.

2007-nji ýylda Bakuwyň raýon sudy ony yslam dini we Muhammet pygamber barada ýazan tankydy makalasy üçin üç ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Şol makala üçin Eýranyň täsirli ruhanysy, Baş Aýatolla Fazel Lankarani bolsa oňa garşy fatwa, ýagny, gaýybana ölüm jezasyny yglan edipdi.

Hepdäniň sişenbe güni Eýranyň Bakudaky ilçihanasy Rafik Tagä garşy edilen hüjümde Eýranyň eliniň ýokdugyny nygtap, ýörite beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG