Sepleriň elýeterliligi

Bahreýniň şasy organ işgärlerine garşy çäre görmekçi


Çarşenbe güni Bahreýniň şasy Hamid bin Isa al-Halifa şu ýylyň başynda bu ýurtda gurnalan protest çykyşlarynda raýatlara garşy bikanun çäreleri ulanan resmilere we organ işgärlerine garşy berk çäreleriň görüljekdigini aýdyp, çykyş etdi.

Onuň bu çykyşynyň öňýany ýurduň garaşsyz komissiýasy bu protest çykyşlary bilen baglanyşykly tussag edilen we gynalan adamlaryň şikaýatlary boýunça geçiren derňewleriniň netijesini yglan etdi.

Bu baradaky hasabatda tussag edilen protestçilere garşy bikanun zorluk çäreleriniň ulanylandygy we bäş adamyň gynamalar netijesinde ölendigi aýdylýar.

Şeýle hem, hasabatda Bahreýindäki şol protestlerde Eýranyň eliniň bardygyny görkezýän hiç hili faktyň ýüze çykarylmandygy-da nygtalýar.

Bahreýniň oppozisiýasy şol protestlerde 30-a golaý adamyň ölüp, ýüzlerçe adamyň hem ýaralanandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG