Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan 1930 wakalary üçin kürtlerden ötünç sorady


Çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan 1930-njy ýyllarda ýurduň günorta-gündogar regionynda müňlerçe kürtleriň öldürilmegine getiren wakalar üçin resmi ýagdaýda ötünç sorap, çykyş etdi.

Döwlet telewideniýesinde bu barada eden çykyşynda Rejep Taýýip Erdogan “Bu waka üçin döwletiň adyndan ötünç soramaklyk zerur bolup durýar. Men bu barada ötünç soraýaryn” diýip, nygtady.

Ol 1936-39-njy ýyllarda ýurduň şol wagtky Dersim şäherinde alnyp barlan harby kampaniýanyň netijesinde 13 müň 800 sany adamyň öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG