Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň 33 ýyllyk prezidenti Saleh wezipesinden çekilýär


Soňky birnäçe aý bäri Salehiň režimine garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýüzlerçe adam öldürildi.

Soňky birnäçe aý bäri Salehiň režimine garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýüzlerçe adam öldürildi.

Çarşenbe güni Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda öz wezipesinden çekilýändigi baradaky ýörite dokumente gol çekdi.

Arap ýurtlarynyň araçyllyk etmeginde prezident Ali Abdullah Saleh bilen Ýemeniň oppozisiýasynyň özara gol çeken bu ylalaşygynda Ýemeniň prezidenti wezipesinden çekilenden soň, onuň jenaýat jogapkärçiligine çekilmezligi şert edilip goýulýar.

Bu ylalaşyga gorä, prezident Saleh öz wezipesini özüniň orunbasaryna tabşyrmaly. Prezident Saleh Ýemene 33 ýyllap liderlik etdi.

Soňky birnäçe aý bäri onuň režimine garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýüzlerçe adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG