Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda bilim boýunça ylmy maslahat geçirilýär


Berdimuhamedow sergi-maslahatyň halkara tejribesini öwrenmäge hem beýik galkynyşlar eýýamynda Türkmenistanyň bilim sistemasynda gazanylanlary beýan etmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Berdimuhamedow sergi-maslahatyň halkara tejribesini öwrenmäge hem beýik galkynyşlar eýýamynda Türkmenistanyň bilim sistemasynda gazanylanlary beýan etmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Penşenbe güni Aşgabatda “Bilim beýik galkynyş eýýamynda” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Üç gün dowam etjek bu sergä we ylmy maslahata interaktiw tehnikany, programma üpjünçiligini, okuw-görkezme esbaplaryny öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-synyň, 30 ýurtdan 60 gowrak alymyň gatnaşýandygyny türkmen metbugaty habar berdi.

18-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäre bilen baglanyşykly ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýurduň halk hojalygyny ýokary hünärli spesialistler bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görlendigini, sergi-maslahatyň halkara tejribesini öwrenmäge hem beýik galkynyşlar eýýamynda Türkmenistanyň bilim sistemasynda gazanylanlary beýan etmäge gönükdirilendigini aýdypdy.

Azatlyk Radiosyndan Maýsa Baba gyzy şu meselede Lebapdaky habarçy Osman Hallyýew bilen sowal-jogap geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatda açylan sergiden, ylmy maslahatdan maksat näme? Bu barasynda mugallymlar nähili pikirde?

Osman Hallyýew: Konferensiýadan maksat- soňky döwürde täze interaktiw tehnika peýda boldy, şony ulanmagyň özal görülmedik usullary okuw prosesine barha giň ornaşýar. Paýtagtda geçýän sergi-maslahat oňa gatnaşýan bilim işgärleriniň onuň bilen tanyşmagyna, tejribe alyşmagyna ýardam eder diýen umyt bar. Ýöne ýurtda 1,700 gowrak mekdep bar. Şolaryň ählisinde täze tehnikany ulanmaga mümkinçilik ýok. Soňky ýyllarda gurlan täze mekdepler ýüz töweregi, şolarda täze tehnika ornaşyrylan. Beýleki mekdeplerde, oba ýerlerinde mugallym-spesialistiň ýokdugy, internet klaslaryň internet sistemasyna birikdirilmezligi ýaly sebäplere görä, kompýuteri ulanyp bilenoklar.

Bilim sistemasynyň işgärleri geçirilýän sergi-maslahatyň peýdasynyň bojakdygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Bilim sistemasyny häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmäge hem onuň netijeli işlemegine bagyşlanan bu çärä Türkmenistanyň mekdeplerinde okadýan mugallymlar gatnaşýarmy?

Osman Hallyýew: Ýok, çagyrylmandyrlar. Meniň gürrüňdeş bolan mugallymlarym her welaýatdan hiç bolmanda 4-5 mugallym çagyrylan bolsa, gaty gowy boljakdygyny aýtdylar. Olar sergide täze tehnikany we tehnologiýalary görüp, konferensiýadaky çykyşlary diňläp gelip, kärdeşlerine gürrüň berseler, gaty gowy bolardy diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmen häkimiýetleri birinji klas okuwçylaryny mugt kompýuter bilen üpjün edip başlady. Okuw programmasy şol kompýutere oturdylypdyr. Mugallymlaryň şol tehnika bilen arasy nähili?

Osman Hallyýew: Dogrusyny aýtmaly bolsa, birinji klasy okadýan mugallymlaryň 90%-de kompýuter barasynda düşünje ýok. Sebäbi olar esasan orta we uly ýaşly adamlar. Olara diňe bir kompýuteri ulanmak däl, ony açyp-ýapmagam kyn. Şonuň üçin mugallymlaryň özleri pul töläp, kompýuter kurslaryny geçip ýörler. Mugallymlaryň öz islegi: “Tomus kanikuly döwründe ýörite kurslarda okadan bolsalar, kompýuter öwreden bolsalar, bizem berlen netbuklary işledip bilerdik“ diýýärler. Ýene bir mesele birinji klaslarda kompýuteri öwretmäge berlen sagat ýok.

Azatlyk Radiosy: Osman, eger berlen kompýuteri mugallymlar ulanyp bilmeýän bolsa, ondan nähili netijelere garaşyp bolar?

Osman Hallyýew: Köp mekdeplerde şol berlen kompýuterlerden netije ýok. Diňe belli bir wagtda on bäş minut-ýarym sagat okuwçylaryň eline berip, ýygnap alýarlar. Ýene bir gezek aýtmalam bolsa, aýdaýyn: 1-nji klaslarda kompýuter öwredýän sapak ýok.

Azatlyk Radiosy: Paýtagtdan uzakda ýerleşýän etraplardaky, obalardaky ýagdaý bilen häkimiýetleriň geçirýän çäreleriniň, öňde goýýan maksatlarynyň arasynda tapawut bar-da?

Osman Hallyýew: Elbetde, gaty uly tapawut bar. Köp mugallymlar, bilim sistemasynyň işgärleri bilen gürründeş bolanymda, uly möçberde serişde sarp edip, tutumly halkara çäreleriniň ýurtda kän gurnalýandygyny, emma olaryň ylym, önümçilik üçin peýdasynyň gaty bir duýlup barmaýandygyny aýdýarlar. “Şol çärelerden ilkinji gözlenýän maksat - ýurtdaky gazanylýan, gazanyldy diýilýän üstünlikleri mahabatlandyrmak, myhmanlara Aşgadyň gözelligini görkezmek” diýýärler.
XS
SM
MD
LG