Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň harbylary ölenler üçin ötünç soradylar


Geçen anna güni başlanan bu protestlerde azyndan 35 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Geçen anna güni başlanan bu protestlerde azyndan 35 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Müsürli harbylar protestleriň dowamynda heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirip, olardan ötünç soradylar.

Müsüriň häkimiýetleri harbylaryň ýurdy dolandyrmagyna garşy geçirilýän protestleriň 6-njy güni bu protestlerde adam öldürenleri jogapkärçilige çekmäge çagyrdylar.

Geçen anna güni başlanan bu protestlerde azyndan 35 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Müsürde ýüze çykan häzirki nägilelikler fewral aýynda Hosni Mubaregiň wezipesinden çekilmegine getiren protestlerden soňky iň dartgynly ýagdaý hasaplanýar.

Bu protestleriň 28-nji noýabra planlaşdyrylan parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda geçirilmegi ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG