Sepleriň elýeterliligi

Ýemendäki protestlerde bäş adam öldürildi


Soňky birnäçe aý bäri Salehiň režimine garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýüzlerçe adam öldürildi.

Soňky birnäçe aý bäri Salehiň režimine garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýüzlerçe adam öldürildi.

Ýemeniň paýtagty Sanaa şäherinde prezident Ali Abdullah Salehiň tarapdarlary protestçileri oka tutanda azyndan 5 adam heläk boldy.

Bu demonstrasiýalar 23-nji noýabrda Salehiň wezipesinden çekilmegi barada gol çekilen ylalaşyga garşy geçirildi.

Çarşenbe güni Ýemeniň prezidenti Saleh Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda öz wezipesinden çekilýändigi baradaky ýörite dokumente gol çekdi.

ABŞ-nyň prezidenti bu ylalaşygy “taryhy ylalaşyk” diýip atlandyryp, ýurduň häkimiýetlerini ony eglenmezden ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Arap ýurtlarynyň araçyllyk etmeginde prezident Ali Abdulla Saleh bilen Ýemeniň oppozisiýasynyň özara gol çeken bu ylalaşygynda, Ýemeniň prezidenti wezipesinden çekilenden soň, onuň jenaýat jogapkärçiligine çekilmezligi şert edilip goýulýar.

Bu ylalaşyga gorä, prezident Saleh öz wezipesini özüniň orunbasaryna tabşyrmaly. Prezident Saleh Ýemene 33 ýyllap ýolbaşçylyk etdi.

Soňky birnäçe aý bäri Salehiň režimine garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýüzlerçe adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG