Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Fath” we “Hamas” toparlarynyň liderleri duşuşdylar


Mahmud Abbas
Mahmud Abbas
Penşenbe güni Palestin awtonomiýasynyň lideri Mahmud Abbas Kairde “Hamas” toparynyň Palestinadaky bölüminiň syýasy lideri Haled Maşaal bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda Abbasyň ýolbaşçylygyndaky “Fath” toparynyň “Hamas” bilen gatnaşyklaryny dikeltmegiň ýollary barada gürrüň edildi.

“Hamas” 2007-nji ýylda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp, şondan bäri Gaza zolagyna gözegçilik edip gelýär.

Şu ýylyň maý aýynda iki toparyň liderleri bileleşmek barada ylalaşypdylar.Emma taraplar täze saýlawlara çenli ýurdy dolandyrmaly geçiş hökümeti döredilen halatynda, oňa ýolbaşçylyk etmeli adamyň kandidaturasy meselesinde ylalaşyp bilmediler. Bu bolsa birikmek prosesini haýallatdy.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan godaw tapan Abbasyň “Fath” topary häzir Palestinanyň diňe bir bölegine - Iordan derýasynyň günbatar kenaryna gözegçilik edýär.
XS
SM
MD
LG