Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-a baran türkmen studentleriniň sany ýokarlandy


Garward uniwersiteti, Boston.

Garward uniwersiteti, Boston.

ABŞ-da “Açyk gapylar” atly 2011-nji ýyl boýunça ýaýradylan hasabatda 2010-11-nji okuw ýylynda Türkmenistandan Birleşen Ştatlara 210 studentiň bu ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okamaga barandygy aýdylýar.

Halkara bilim instituty (IIE) tarapyndan taýýarlanan hasabatda ABŞ-a okuwa baran türkmenistanly studentleriň sanynyň geçen ýylky bilen deňeşdirilende takmynan 8% ýokarlanandygy görkezilýär.

Maglumata görä, Merkezi Aziýa döwletlerinden ABŞ-a iň köp student Gazagystandan barypdyr. 2010-11-nji okuw ýylynda bu ýurtdan ABŞ-a 1,890 studentiň barandygy habar berilýär.

2010-11-nji okuw ýylynda ABŞ-a Täjigistandan 249, Gyrgyzystandan 279, Özbegistandan bolsa 560 studentiň okuwa barandygy aýdylýar. Degişli okuw ýylynda ABŞ-da okaýan daşary ýurtly studentleriň sany 723,277-ä ýetipdir. Iň köp student Hytaýdan, Hindistandan we Günorta Koreýadan barypdyr.

ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-da okaýan daşary ýurtly studentlerden ýurduň ykdysadyýetine her ýyl jemi 21 milliard dollara barabar girdeji gelýär.
XS
SM
MD
LG