Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasynyň Siriýa beren möhleti tamamlanýar


Anna güni Arap Ligasynyň Siriýanyň režiminiň öňünde goýan şertleriniň möhleti tamamlanýar.

Geçen hepde Arap Ligasy Siriýanyň režiminiň öňünde bu ýurda daşary ýurtly synçylar toparynyň goýberilmegini şert edip goýup, oňa şu anna gününe çenli möhlet beripdi.

Bu şertiň ýerine ýetirilmedik halatynda, Arap Ligasy Siriýa garşy sanksiýalaryň ulanyljakdygy bilen duýduryş berdi.

Bu wakadan birneme öň, Siriýadaky protestçilere garşy gazaply güýç ulanylmagyna jogap edip, Arap Ligasy Siriýanyň bu gurama agzalygyny wagtlaýynça ýatyrypdy.

Penşenbe güni siriýaly aktiwistler ýene protest çykyşlarynyň barşynda azyndan 15 adamyň ölendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG