Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abbas “Hamas” toparynyň lideri bilen duşuşdy


Penşenbe güni Müsüriň paýtagty Kairde Palestin awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas bilen “Hamas” toparynyň bosgunlykdaky lideri Haled Maşal gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde, esasan, Palestinanyň “Fath” partiýasy bilen “Hamas” toparynyň özara barlyşmak meseleleri maslahat edildi.

2007-nji ýylda “Hamas” topary Gaza Sektorynda öz kontrollygyny doly ornaşdyranyndan soň, Mahmud Abbasyň “Fath” partiýasy diňe Günbatar kenarda öz kontrollygyny saklap galdy.

Şol wakadan bäri bu iki toparyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly görnüşde dowam edip geldi.

Şu ýylyň maýynda bu iki topar Palestina awtonomiýasyny bilelikde dolandyrmak barada ylalaşyk baglaşdylar. Emma wagtlaýyn hökümete kimiň ýolbaşçylyk etmelidigi baradaky meselede “Fath” partiýasy bilen “Hamas” topary henizem özara dil tapman gelýärler.
XS
SM
MD
LG