Sepleriň elýeterliligi

Şyhmyradowa: ‘Olaryň ölüdigini ýa diridigini bilesim gelýär’


Türkmen resmileri tarapyndan “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka gatnaşygy bolanlykda aýyplanyp, tussag edilenler häzir türmede.

Türkmen resmileri tarapyndan “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka gatnaşygy bolanlykda aýyplanyp, tussag edilenler häzir türmede.

Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalarynyň bolup geçenine dokuz ýyl doldy. Türkmen resmileri tarapyndan “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka gatnaşygy bolanlykda aýyplanyp, tussag edilenler häzir türmede. Emma tussaglaryň köpüsiniň ýagdaýlary barada olaryň dogan-garyndaşlaryna maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow

Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow

Uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen Batyr Berdiýew, Boris Şyhmyradow, Serdar Rahymow, Döwlet Gaýybow, Rejepgeldi Nurgeldiýew, Myrat Garataýew, Guwanç Jumaýew dagylar bilen birlikde tussag edilen beýleki adamlaryň köpüsi barada olaryň dogan-garyndaşlaryna düýpden habar berilmeýänligi adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatlarynda bellenilýär. Şol hasabatlarda tussaglaryň hatda diriligi ýa-da ölendigi hakda-da maglumat berilmeýändigi aýdylýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri, “Sanjar -25 wakasynda” esasy günä bildirilen Boris Şyhmyradowyň aýaly Tatýana Şyhmyradowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Tatýana, mälim bolan maglumatlara görä, 2002-nji ýylda “Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýlip atlandyrylan wakadan soň tussag edilen Boris Şyhmyradow we şol waka bilen baglanyşykly tussag edilen beýleki adamlar barada türkmen häkimiýetleri düýpden maglumat bermeýärler? Bu hakykatdan hem şeýlemi?

T. Şyhmyradowa: Hawa, şol wakadan soň 9 ýylyň geçendigine garamazdan, bu meselede hiç hili özgerişlik ýok. 2006-njy ýylda Nyýazow ölenden soň, bizde ýagşylyga umyt döräpdi. Ýöne, Türkmenistandaky häzirki ýagdaýy görüp, şol umytlarymyz puja çykdy diýsem, ýalňyşmaryn. Sebäbi Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň-de Nyýazowyň ýoly bilen gidýändigi mese-mälim. Berdimuhamedowa hem ýurtda oppozisiýanyň, garaşsyz metbugatyň, başgaça pikir edýänleriň bolmagy gerek däl ýaly bolup görünýär. Şonuň üçinem tussaglykda saklanýan syýasy, graždan aktiwistleri, öňki režimiň pidalary bilen bagly ýagdaýyň asla özgermeýändigine geň galybam oturmaly däl. Gaýta, şol ýagdaýyň gitdigiçe ýaramazlaşýandygyny belläsim gelýär.

Azatlyk Radiosy: Boris Şyhmyradowyň Orsýetiň raýatydygy belli. Adamyňyz barada maglumat almak üçin ors häkimiýetlerine ýüz tutup gördüňizmi? Olar türkmen häkimiýetleri bilen bu barada gepleşik geçirdilermi?

T. Şyhmyradowa: Hawa, men Orsýetiň Baş prokuraturasyna, ýurduň prezident edarasyna Borisiň meselesi bilen bagly ýüz tutdum. Olar meniň arzalarymy türkmen häkimiýetlerine iberýärler, ol ýerden bolsa maňa jogap gelmeýär.

Azatlyk Radiosy: Tatýana, ýakynda Täjigistanda orsýetli pilotlar tussag edilende Orsýet öz raýatlaryny gorap cykyş etdi, soňra olar azatlyga çykaryldy. Emma, siziň aýdyşyňyz ýaly, Orsýet Türkmenistanda 9 ýyl türme tussaglygynda oturan raýaty barada maglumat alyp bilmän gelýär. Muňa näme sebäp bolýär?

T. Şyhmyradowa: Hawa, orsýetli pilot baradaky reportažlara tomaşa edenimde, mende-de şeýle pikir peýda boldy. Ýagny, haýsydyr bir ýurtda öz raýatlarynyň arkasynda durmagy üçin, Orsýete syýasy erk-isleg gerek. Ýöne Borisiň ýagdaýynda 2002-nji ýyldaky wakalardan soň bu meseläniň Orsýetiň Döwlet Dumasynda birki gezek gozgalandygyna garamazdan, men olaryň azat edilmegi orsýetli käbir çinowniklere amatly däl diýen pikire geldim. Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy özüni gaty passiw alyp barýar, ýagny öz raýatlarynyň goragy üçin asla çäre görmeýär. Elbetde, olaryň Moswanyň Smolensk meýdançasynda ýerleşen binada ýolbaşçylary bar, diplomatlar şolaryň görkezmesi boýunça hereket edýärler.

Häzir Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň onçakly däldigini özüniz bilýärsiňiz. Ýagny, rus tarapynda gatnaşyklarymyza zeper ýetäýmesin diýen alada ýok. Şeýle-de bolsa, Orsýet hökümetiniň ýokary derejeli syýasatçylarynyň käbirine 2002-nji ýyldaky aýyplamalar boýunça oturanlaryň azat edilmeginiň geregi ýok.

Ýöne, dogan-garyndaşlarymyzyň azat edilmeg-ä aňyrda dursun, biz tussaglykda saklanýanlar barada asla maglumat alyp bilmän kösenýaris. Ýagny, rus häkimiýetleriniň bendileriň nirededigi, olar dirimi ýa ölümi – ine, şu baradaky maglumatlary dogan-garyndaşlaryna ýetirmek borjy ahyry.

Azatlyk Radiosy: Bu meselede rus metbugaty näme sebäpli dymýarka?

T. Şyhmyradowa: Hawa, bu meň üçin hem tapmaça. Rus tarapy Borisiň meselesi bilen bagly türkmen tarapyna ýüz tutandygyny aýdýar. Türkmen häkimiýetleri bolsa dymmagyny dowam etdirýärler. Meniň pikirmçe, olar tussaglaryň käbiriniň diri däldigini ýaşyrmaga synanyşýarlar. Olaryň diri däldigi bolsa, bolaýjak zat.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda 9 ýyl mundan ozal tussag edilen dogan-garyndaşlaryňyz barada maglumat almak üçin Halkara guramalara ýüz tutup gördüňizmi?

T. Şyhmyradowa: Men öz tejribämden bilýärin, BMG ýaly guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleriniň mümkinçilikleri gaty çäkli. Ýöne men zorluk bilen ýitirim edilen adamlar bilen meşgullanýan işçi topara ýüz tutdum. Olaryň Borisi zorluk bilen ýitirim edilmegiň pidasy hökmünde resmi taýdan ykrar etmegi meni azda-kände ruhlandyrdy. Bu işçi topar Borisiň meselesi boýunça Türkmenistana ýüz tutdy, emma türkmen tarapy bu gezek hem jogap bermedi.

Azatlyk Radiosy: Boris Şyhmyradow barada maglumat almak üçin indi näme etmegi göz öňünde tutýarsyňyz?

T. Şyhmyradowa: Maňa adamym Boris Şyhmyradowyň hak-hukuklarynyň bozulmagy baradaky mesele bilen bagly ýene-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine ýüz tutmagy maslahat berdiler. Men Borisiň ýagdaýynda graždan hukuklarynyň pakty boýunça kanun bozulmalary barada hemme dokumentleri toplap, ýörite doklad ýazdym. Şol ägirt uly doklady BMG-ä iberdim. Şu ýylyň iýul aýynda meniň hatyma garalandygy barada maglumat aldym.

BMG-niň wekilleri meniň meseläm boýunça özleriniň Türkmenistana ýüzlenendiklerini, indi alty aýyň dowamynda jogaba garaşýandyklaryny aýtdylar. Ýagny, iýul aýynda ýüz tutulan bolsa, ýanwar aýynda maňa jogap gelmeli. Ýöne, meniň pikirimçe, türkmen tarapy bu gezegem jogap bermez.

Beýleki dereksiz ýiten adamlar barada bir zat eşitsek, ýüregimiz awaýar. Emma biz, ynha, indi uzak 9 ýylyň dowamynda öz dogan-garyndaşlarymyz barada habar alyp bilmän, ejir çekýäris. Men başda olaryň azat edilmegini talap etmeli diýip, pikir edýärdim, soňra olaryň işine gaýtadan garalmagyny talap etmeli diýýärdim, indi bolsa men diňe olar ölümi ýa diri – şony bilesim gelýär. Gündelik şu pikir bilen ýatyp-turýaryn…

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG