Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: "Iň soňky şansyň annasy"



Protestçileriň käbiriniň elinde Müsüriň baýdagy, käbirleriniň elinde hem ýüzi "Halk graždan prezidentlik geňeşini islýär" diýen ýazgyly transparantlar bar.
Protestçileriň käbiriniň elinde Müsüriň baýdagy, käbirleriniň elinde hem ýüzi "Halk graždan prezidentlik geňeşini islýär" diýen ýazgyly transparantlar bar.

Anna güni Kairde müňlerçe protestçiler Tahrir meýdanyna ýygnanyp, ýurtda höküm sürýän Harby geňeşiň häkimiýeti graždan hökümetine geçirmegini talap etdiler. Müsürli aktiwistler anna günki protestleri "iň soňky şansyň annasy" diýip atlandyryp, "million adamly" proteste çagyrdylar.


Anna güni Kairde müňlerçe protestçi Tahrir meýdanyna ýygnanyp, harbylaryň häkimiýet başyndan çekilmegini talap etdiler. Bu protestler indi 7 gün bäri dowam edýär.

Protestçiler ýurtda fewral aýyndan bäri höküm sürüp gelýän Harby geňeşiň haýal etmän häkimiýeti wagtlaýyn graždan hökümetine geçirmegini talap edýärler. 2012-nji ýylyň iýun aýyna planlaşdyrylan prezidentlik saýlawlaryna çenli ýurdy graždan hökümetiniň dolandyrmagy islenilýär.

Protestçileriň käbiriniň elinde Müsüriň baýdagy, käbirleriniň elinde hem ýüzi "Halk graždan prezidentlik geňeşini islýär" diýen ýazgyly transparantlar bar.

"Bizi çökeren syýasy güýçlerden: güýç-gudrat üçin biziň janymyzy satýarmysyňyz diýip sorasym gelýär" diýip, protestçi Muhammed Alaşry aýdýar.

Ýene bir protestçi Saber Saad, talaplary ýerine ýetirilýänçä, Tahrir meýdanyny terk etmejekdigini belleýär: "Biz öz mertebämize gowuşýançak, Tahrir meýdanyndan çykmarys. Ýagdaý çydardan geçdi. Biz ejir baryny çekýäris. Adamlar azyk tapman kösenýär".

Kamal Ganzouri

Müsüriň döwlet mediasy 24-nji noýabrda Harby geňeşiň täze hökümeti düzmek üçin öňki premýer-ministr Kamal Ganzourini belländigini habar berdi.

Ganzouriniň bellenmegi baradaky habarlary Tahrir meýdanyndaky demonstrantlar oňat gaşylamadylar. Olar 78 ýaşly öňki premýer-ministr, halk gozgalaňyna ýolbaşçylyk edip, 30 ýyllap ýurda hökümdarlyk eden Hosni Mubaregi häkimiýet başyndan kowan ýaşlara wekilçilik etmez diýýärler.

Amerikada bilim alan Ganzouri 1996-njy ýyldan 1999-njy ýyla çenli Mubaregiň premýer-ministri bolup işledi. Mubarek häkimiýet başyndan çetleşdirilensoň bolsa, oňki režimden ýüz öwürdi.

Ganzouriniň bellenendigini harbylar resmi taýdan entek tassyklanoklar. Harbylar tarapyndan ozal bellenen Essam Şerifiň ýolbaşçylygyndaky hökümet şu hepde Kairde we Müsüriň beýleki şäherlerinde gazaply protestler barýarka wezipeden çekildi.

41 adam ölüpdir

Müsüriň Saglygy goraýyş ministrliginiň aýtmagyna görä, gazaply hereketlerde 41 adam ölüpdir. Iň agyr çaknyşyk hem protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda Tahrir meýdanyndan Içeri işler ministrligine gidýän köçede bolupdyr. Bu ýerde bolan çaknyşyklarda 36 adam ölüpdir.

Harby geňeş howpsuzlyk güýçleri tarapyndan adamlaryň öldürilenligi üçin ötünç sorap, ölenleriň maşgalalaryna maliýe kömegini teklip etdi.
Hökümet güýçleri bilen protestçileri biri-birinden daşlaşdyrmak üçin bu köçede indi demir germew gurlup ýör.

Müsürli aktiwistler häkimiýetiň graždan hökümetine geçirilmegini talap edip, anna günki protestleri "iň soňky şansyň annasy" diýip atlandyrdylar. Olar Kairde we ýurduň beýleki şäherlerinde "million adamly" proteste çagyrdylar.

Duşenbe güni Müsürde parlament saýlawlary geçýär. Bu Mubarek häkimiýetden kowlaly bäri geçirilýän ilkinji saýlawlardyr. Saýlawlaryň öň ýanynda protestler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG