Sepleriň elýeterliligi

“Açyk gapylar” Amerikadaky halkara studentler barada


Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Halkara bilim instituty 2010-11-nji okuw ýylynda Birleşen Ştatlara okamaga gelen daşary ýurt studentleriniň sany, olaryň haýsy okuw jaýlaryny we haýsy ugurlary has köp saýlap alandyklary barada hasabat ýaýratdy.


2010-11-nji okuw ýylynda Amerikanyň okuw jaýlaryna okamaga baran türkmen ýaşlarynyň sany geçen ýylky bilen deňeşdirilende ýokarlanypdyr. Bu barada Halkara bilim institutynyň (IIE) we Amerikanyň Döwlet departamentiniň Bilim we Medeni gatnaşyklar boýunça edarasynyň taýýarlan “Açyk gapylar” atly hasabatynda aýdylýar.


Wideo: Halkara bilim instituty (IIE) 1919-njy ýyldan bäri Birleşen Ştatlardaky daşary ýurtly studenler barada barlag geçirip gelýär.

Hasabatda ABŞ-a okuwa baran türkmenistanly studentleriň sanynyň geçen ýylky bilen deňeşdirilende takmynan 8% ýokarlanyp, 2010-11-nji okuw ýylynda 210-a ýetendigi görkezilýär.

Maglumata görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan ABŞ-a okamaga baran studentleriň iň köpüsi Gazagystandan bolup, 2010-11-nji okuw ýylynda bu ýurtdan 1,890 studentiň okuwa gelendigi aýdylýar.

Beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden 2010-11-nji okuw ýylynda Birleşen Ştatlara bilim almaga baran studentleriň sany barada aýdylanda, Täjigistandan 249, Gyrgyzystandan 279, Özbegistandan bolsa 560 student bar.

“Açyk gapylar” hasabatynda aýratyn nygtalyşyna görä, 2010-11-nji okuw ýylynda Amerika okamaga gelen daşary ýurtly studenleriň umumy sany geçen okuw ýyly bilen deňeşdirilende 5% ýokarlanyp, ol 723.277 studente deň bolupdyr. Bu san Amerika okamaga gelen daşary ýurtly studenleriň rekord derejeli ýokary sanydyr.

Hasabatda Amerikda okamaga gelýän daşary ýurtly studenleriň sanynyň bäş ýyl bäri yzygiderli artyp, häzir olary sanynyň mundan on ýyl ozalky bilen deňeşdirilende 32% ýokarlanandygy habar berilýär.

Ykdysady goşant

Amerikada daşary ýurtly studentleriň artmagy ýurda gelýän girdejiniň artmagyna getirýär. Ýokary bilim Amerikanyň hyzmat eksportynyň iň ýokary girdeji berýän pudaklarynyň biridir.

ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň berýän maglumatyna görä, daşary ýurtly studentlerden ýurduň ykdysadyýetine her ýylda jemi 21 milliard dollara barabar girdeji gelýär. Bu girdeji Amerikadaky studentleriň okuwa, okuw esbaplaryna, ýaşaýyş jaýyna we edýän beýleki çykdajylarynyň hasabyna gazanylýar.

“Açyk gapylaryň” hasabatyna görä, Amerikadaky daşary ýurtly studentleriň 63%-e golaýy öz şahsy hem watanyndaky maşgala agzalarynyň hasabyna okaýar we eklenýär.

Ýurtlar we ugurlar

Hasabatdan çen tutulsa, daşary ýurtly studenler köplenç Amerikanyň Kaliforniýa, Tehas, Massaçusets, Illinoi ştatlaryna we Nýu-Ýork şäherine barýarlar.

2010-11-nji ýylda Amerika iň köp okamaga gelen studentler Hytaýdan gelenlerdir. Hytaýdan gelenler degişli okuw ýylynda Amerikadaky daşary ýurtly studentleriň 22% töweregini düzüp, olaryň sany 158.000-e golaý boldy. Hytaýdan soň san boýunça hindistanly studenler durýar. 2010-11-nji ýylda ABŞ-a Hindistandan jemi 104,000-e golaý student barypdyr. Üçünji orunda Günorta Koreýa bolup, Amerikada Günorta Koreýadan 73,000-e golaý studentiň okuwa girendigi aýdylýar.

Hytaýdan, Hindistandan we Günorta Koreýadan gelenler 2010-11-nji okuw ýylynda Amerikadaky halkara studentleriň umumy sanynyň 46%-ni emele getirýärler. Bulardan soň Kanada, Taýwan, Saud Arabystany we Ýaponiýa ýaly döwletler durýar.

Birleşen Ştatlarda daşary ýurtly studenleriň iň köp saýlaýan ugurlary: biznes we dolandyryş, inženerlik, matematika we kompýuter tehnologiýasy, fiziki we dünýewi ylymlar, şeýle-de sosial ylymlar.

“Açyk gapylar” hasabatyny taýýarlan Halkara bilim instituty (IIE) düýbi Amerikada ýerleşýän girdejisiz gurama bolup, ol 1919-njy ýyldan bäri Birleşen Ştatlardaky daşary ýurtly studenler barada barlag geçirip gelýär. Guramanyň dünýäniň ençeme ýurtlarynda, şol sanda Moskwada, Nýu-Delide, Pekinde we Kairde öz edaralary bar.
XS
SM
MD
LG