Sepleriň elýeterliligi


– Gör, sen Watan düzünde,
Gyzyl bugdaý bişipdir.
Akyp ýatyr derýa dek,
Tolkunlary göýä gom...

– Bişse, bişen ekеn-dä,
Düşse düşen ekеn-dä,
Maňa nämе, owarram!

– Sеrеt, goňşyň öýüni
Ot alypdyr..
– Owarram!
– Sеniň almaly ýeriň
Ýat alypdyr...
– Owarram!
Meň işim däl, ýok günäm.
Ýansa, ýanan ekеn-dä!
Köýsе, köýеn ekеn-dä!
Maňa nämе, owarram!

– Gyş düşüpdir...
– Owarram!
– Ýaz çykypdyr...
– Owarram!
– Hasabymyz jеmindеn
Az çykypdyr...
– Owarram!

– Saklan, aklyňa aýlan,
Biparhlyga etme ram!
...Owarramçyň öz haky
Bolmazmy şagala şam?!
Urşa girmän, ýeňilme,
Geçme bagtyň deňinden!
Iň bärkisi dünýäniň
Tutup gal sen ýeňinden!

Bu toprak, asman – seňki!
Ýitse, bolar garaňky!
Eýe çyk Aý-Günüňe,
Bag-bakjaňa, gülüňe!
Ýöwsel biparwaýlyga
Endik etme, etme ram!
Wah, başyňa döneýin,
Dirä “owarram” haram!

Тürkmеniň öýün ýykan,
Ata-baba jan ýakan,
Bu nireden gelen dert,
Ülhit, garagy akan...
Eýsе, indi owarram
Gaýratlynyň ýarymy?
Bu dünýäni owarram
Edеn adam dirimi?..

Akmuhammet Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG