Sepleriň elýeterliligi

Pakistanlylar NATO güýçlerine garşy protest geçirdiler


NATO güýçleriniň Pakistanyň territoriýasynda amala aşyran uly ýitgili hüjümine garşy düýn Pakistanda protest çäreleri geçirildi.

Pakistanyň Karaçi şäherinde Amerikan konsullygynyň öňünde geçirilen ýörişde protestçiler Barak Obamanyň suratyny otlap, şeýle-de “Amerika, bizden daşda dur. Pakistan biziňki. Biz harbylarymyz bilen egin-egne durandyrys” diýip, gygyrdylar.

Geçen şenbe güni Mohmand etrabynda NATO-nyň amala aşyran howa hüjüminde azyndan 24 esger ölüpdi. Bu Waşington bilen Yslamadayň onsuz hem dartgynly gatnaşyklaryny has-da ýitileşdirdi.
XS
SM
MD
LG