Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň tarapdarlary onuň doglan gününi bellediler


Düýn Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň doglan güni mynasybetli onuň tarapdarlarynyň üç müňe golaýy Kiýewde Timoşenkonyň saklanýan türmesiniň öňünde konsert çäresini geçirdi.

Timoşenkonyň 51-nji doglan gününi bellemäge gelenelriň ellerinde gül desseleri we goldaw sözleri ýazylan plakatlar hem bardy.

Ýuliýa Timoşenko wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanyp, ýakynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Timoşenkonyň we onuň tarapdarlary bu jenaýat aýyplamasyny syýasy matlaplara esaslanýan aýyplama diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG