Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň parlamenti Britaniýa garşy kanun kabul etdi


Düýn Eýranyň parlamenti Britaniýa bilen diplomatiki we ykdysady gatanşyklary kemeltmek baradaky kanun proýekti boýunça ses berilşik geçirdi. Bu Britaniýanyň Tährana garşy sanksiýalaryny berkleşdirmegine garşy jogap boldy.

Maglumata görä, Eýranyň parlamentiniň 290 deputatynyň 179-sy bu kanun proýektini goldapdyr, 4-si oňa garşy çykypdyr, 11-si hem ses bermekden saklanypdyr. Bu kanun proýektine görä, Eýranyň hökümeti iki hepdäniň içinde Britaniýanyň ýurtdaky ilçisini hem çykarmaly.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň parlamentiniň ses berişliginiň “gynandyryjydygyny” belläp, beýanat ýaýratdy. Şeýle-de, bu beýanatda “Eger-de Eýranyň hökümeti şu terzde hereket etmegini dowam etdirse, onda Britaniýa özüniň hyzmatdaşlary bilen maslahatlaşyp, aýgytlaýjy ädimleri ätmeli bolar” diýilýär.
XS
SM
MD
LG