Sepleriň elýeterliligi

Täjik migrantlarynyň protestinde bäş adam tussag edildi


Orsýetiň resmileri täjik migrant işçileriniň deportasiýa edilmegine garşy geçirilen protest çäresinde bäş adam tussag edilendigini mälim etdiler.

“Men täjik - meni deportasiýa ediň” atly ýöriş geçen hepdäniň penşenbe güni Moskwada Federal migrasiýa gullugynyň binasynyň öňünde geçirlipdi.

Bir ýerli polisiýa resmisi “Interfax” habar agentligine beren interwýusynda tussag edilen bäş adamyň hiç biriniň etniki täjik däl-de, “anarhiýa hereketiniň agzalarydygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG