Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Siriýa garşy ençeme sanksiýalary girizdi


Düýn Arap Ligasyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleri Siriýa garşy sanksiýalary girizmek boýunça ylalaşdylar. Mundan öň Siriýa Arap Ligasynyň gözegçileriniň ýurda gelip görmek planlaryny jogapsyz goýupdy.

Siriýa garşy girizilen sanksiýalary Kataryň prmeýer-ministri we daşary işler ministri Şeih Hamad bin Ýassim al-Tani Kairde mälim etdi.

Bu sanksiýalar Siriýanyň ýokary derejeli resmileriniň arap döwletlerine syýahat etmegine gadagançylyk girizmek we olaryň bu ýurtlardaky pul hasaplaryny doňdurmak, Siriýanyň merkezi banky bilen gatnaşyklary togtatmak, Siriýanyň hökümeti bilen söwda gatnaşyklaryny togtamak, Siriýa hökümetiniň bank hasaplaryny doňdurmak ýaly ençeme çäreleri öz içine alýar.

Al-Taniniň sözlerine görä, Siriýa garşy girizilen sanksiýalary Arap Ligasynyň 22-i agzasynyň 19-sy goldapdyr.

Siriýanyň Daşary işler ministri Walid Muallem Arap Ligasyny ýurtdaky ýüz berýän krizisi “halkara derejesine çykarmakda” aýypady.

BMG-niň maglumatyna görä, mart aýyndan bäri Siriýda hökümete garşy protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynda 3 müň 500 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG