Sepleriň elýeterliligi

Pakistan NATO-nyň üpjünçilik ýoluny petikledi


Owganystandaky NATO güýçlerine yük daşaýan ulaglar Pakistanyň "Torkham" serhet geçelgesinde togtadylan ýagdaýda. 28-nji noýabr, 2011.

Owganystandaky NATO güýçlerine yük daşaýan ulaglar Pakistanyň "Torkham" serhet geçelgesinde togtadylan ýagdaýda. 28-nji noýabr, 2011.

Geçen hapdäniň ahyrynda Pakistan NATO-nyň Owganystana ýük eltýän ýoluny petikledi. Şol wakanyň öňýany ýurduň döwlet telewideniýesi NATO-nyň Pakistanyň serhedine hüjüm edip, 25 adamy öldürenligini habar berdi.


Geçen hapdäniň ahyrynda Pakistan öz demirgazyk-günbatar serhedinde 25 adamyň atylyp öldürilmeginde NATO-ny aýyplady we NATO-nyň halkara güýçleriniň üpjünçilik ýoluny petikledi.

Pakistanyň resmileri NATO-nyň dikuçarlarynyň harby barlag nokadyny raketa okuna tutanlygyny aýdýarlar.

Kaýber regionynyň ýerli häkimliginiň resmisi Mutahir Husseýniň “Frans Press” agentligine aýtmagyna görä, ýerli hakimiýetler NATO-nyň goşunlarynyň üpjünçilik ýoluny ýokardan gelen tabşyryk esasynda petikläpdirler.

NATO-nyň pozisiýasy

NATO bu wakanyň sebäplerini derňeýändigini aýtdy. NATO-nyň Owganystandaky halkara howpsuzlygyna ýardam beriji güýçleriniň metbugat wekili general Karsten Jeýkobsonyň Kabulda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna aýtmagyna görä, NATO entek hiç bir sanlary tassyklap bilmeýär, emma ol serhetdäki bu hadysadan habarly we ýagdaýy öwrenýär.

NATO-nyň resmi beýannamasyna görä, koalision güýçleriň komanduýuşisi genaral Jon Allen hadysany jikme-jik öwrenmek işini özüniň şahsy üns merkezinde saklaýanlygyny aýtdy.

“Men Pakistanyň howpsuzlyk güýçlerinden bu wakada ähtimal wepat bolanlaryň ýa ýaralananlaryň maşgalalaryna we hossarlaryna çyn ýürekden gynanç bildirýärin” diýip, NATO-nyň beýannamasynda general Alleniň sözünden sitata getirilýär.

Hadysanyň bolan ýerinde…

Mohmand regionyndaky çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna habar bermeklerine görä, Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri bu regionda ýitirim bolan esgerleri häzirem gözleýärler. Regionyň ýokary derejeli administrasiýa resmisiAdil Siddiki Mohmand regionynyň serhetýaka Baýzaý atly ýerinde Talybana garşy söweşmek üçin köpsanly esgerleriň ýerleşýänligini habar berdi.

Ýerli tire ýolbaşçysy Malik Sultanyň sözlerine görä bolsa, ýerli ýaşulular we meýletinçiler halas ediji işleriň gidýän ýerine baryp, ýaralananlara ýardam bermekde we jesetleri ýurduň başga ýerlerine äkitmekde kömek berýärler.

“Hüjümiň bolan ýeri ‘Salala Deý Butanoo Sar’ diýlip atlandyrylýar. Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň günbatar bölegindäki Ghoşta etraby bilen serhetdeş bolan bu ýer Kunar welaýatyna hem ýakyn ýerleşýär. Hüjüm ýerli wagt bilen ýary gijä golaý boldy. Wakada ýerli parahat ýaşaýjylara zeper ýetmedi. Diňe Pakistanyň harby serhet nokadyna zarba uruldy” diýip, Malik Sultan belledi.

Pakistan-NATO gatnaşyklary

Bu helälçilikli waka ABŞ-nyň generaly Jon Alleniň Pakistanyň goşun ýolbaşçysy Aşfak Perwez Kaýani bilen serhet gözegçiligine we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleleri maslahat etmeginiň yzýany ýüze çykdy.

Bu waka şuňa meňzeş hadysalaryň arasynda iň agyr we uly ýitgilisi boldy. Şuňa meňzeş pajygaly waka 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ýüze çykypdy we iki pakistanly esgeriň wepat bolmagyna sebäp bolupdy. Şonda NATO-nyň goşunlarynyň Pakistanyň üstünden geçýän üpjünçilik ýoly 10 günlap beklenipdi.

NATO şol waka üçin ötünç sorapdy we NATO-nyň harby dikuçary tarapyndan pakistanly esgerlere tarap ot açylmagynyň sebäbini düşündirip, pakistanly esgerleriň öz pozisiýalryny duýdurmak üçin ot açmasyny NATO-nyň harbylarynyň söweşijileriň hüjümi hökmünde kabul edenligini aýdypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG